Türkmenistanyň muzeýlerine wirtual syýahat etmek mümkin bolar

  • 12.09.2020 15:31
  • 9.7k+

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň iki sergi zalynda “Wirtual muzeý” taslamasynyň ilkinji wideogörnüşi taýýarlanyp, synagdan geçirildi. Ol dünýä tejribesini öwrenmek arkaly ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň muzeýlerine wirtual syýahatlary guramak boýunça alnyp barylýan işler barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde habar berdi.
Türkmenistanda taryhy gymmatlyklaryň onlaýn ýygyndysy, ýagny wirtual muzeý taslamasyny dekabr aýynda – Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda işe girizmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň muzeý işgärleri ýurduň muzeýlerine wirtual gezelençleri guramak babatda köp işleri bitirdiler. Olaryň hatarynda muzeý gymmatlyklarynyň elektron maglumat gorunyň döredilmegini, 360 gradusly tehnologiýa arkaly düşürilen wideo ýazgylary we beýlekileri görkezmek bolar. Häzirki wagtda internet ulgamy arkaly elektron petekleri satmak hyzmatlary ýola goýulýar.
Bu taslama türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi. Munda Tretýakow galereýasy, Ermitaž, Luwr we Berliniň irki taryhy muzeýi ýaly meşhur muzeýleriň dünýä tejribesi we sanly hyzmatlary içgin öwrenildi.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
935

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......