Türkmenistanda korrupsiýa garşy utgaşdyryjy Pudagara topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy

Türkmenistanda korrupsiýa garşy utgaşdyryjy Pudagara topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy Pudagara topar hakyndaky Düzgünnamany tassyklap, Karara gol çekdi.

Bu resminama “Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamany tassyklamak hakyndaky” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran 1547-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamanyň we ony ýerine ýetirmegiň 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýan Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy Pudagara toparyň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek maksady bilen kabul edildi.