Gündizki ukynyň ölüm howpy ýüze çykaryldy

  • 29.08.2020 16:30
  • 33k+

Hytaýyň Guançžou lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary gündiz bir sagatdan artyk uklamak ölüm howply diýen netijä geldiler. Bu barada MedicalXpress tarapyndan çap edilen press-relizde aýdyldy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Barlagçylar 20-den gowrak ylmy işiň maglumatlaryny jemlediler we 39% -i gündiz uklan 313,651 adam hakdaky maglumatlary seljerdiler.
Derňewiň netijesi her gün gündizine bir sagatdan artyk uklaýan adamlaryň ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň 34%, ähli beýleki sebäplerden ölüm howpunyň bolsa 30% ýokarlanandygyny görkezdi. Uzak wagtlyk gündizki uky diňe tutuş gije-gündiziň dowamynda alty sagatdan köp ýatýanlar üçin howpludyr.
Barlagçylar, umuman alanyňda, islendik dowamlylykdaky gündizki ukynyň ölüm howpuny 19% ýokarlandyrýandygyny mälim etdiler. Şol bir wagtyň özünde, aýallarda we garry adamlarda uky bilen ölüm töwekgelçiliginiň arasyndaky gatnaşyk has aýdyň ýüze çykdy we degişlilikde 22% we 17%-e deň boldy.
Mundan başga-da, Seçenow adyndaky lukmançylyk akademiýasynyň lukmany Mihail Poluektow dynç günleri uzak wagtlap uklamagyň ýadawlygyň we ukynyň ýetmezçiliginiň öwezini dolup biljekdigi baradaky toslamany ýalana çykardy. Onuň sözlerine görä, şeýle dynç alyş düzgüni - ýagny adam dynç günleri iş günlerindäkisinden has köp uklasa, bu agyr keselleriň döremegine getirip biler. Olaryň hatarynda süýji keseli we ýürek-damar ulgamy bilen baglanyşykly keseller bar.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......