Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy halkara foruma gatnaşýar

  • 20.08.2020 16:37
  • 25k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa 19-njy awgustda öz işine başlan bäşinji Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar.

Wideomaslahat görnüşinde geçen bu forum Parlamentara birleşik tarapyndan Awstriýanyň parlamentiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde guraldy. Onuň işine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak parlamentari gatnaşdy.
Bütindünýä maslahaty «Adamlar we Ýer ýüzi üçin parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün edýän köpugurly has netijeli parlament ýolbaşçylygy üçin» atly baş mowzuk astynda geçirildi.
Oňa gatnaşyjylar, şol sanda parlamentariler, Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri we halkara bilermenler maslahatyň çäklerinde halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, hususan-da, pandemiýa garşy umumy göreşi, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

şu gün 11:11
208

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

şu gün 11:08
166

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......

şu gün 11:05
94

reCAPTCHA ulanýan saýtlar Google hyzmatlary bolmadyk Android ulanyjylaryny bloklap başlady

Google hyzmatlary bolmadyk Android smartfonlarynyň ulanyjylary reCAPTCHA barlagyndan geçmekde kynçylyklara uçrap başladylar. Täze şahsyýeti tassyklama ulgamy smartfonda Google Play Services-iň 25.41.30 ýa-da......

şu gün 10:38
373

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....