Türkmenistanda futbol boýunça ýaryşlaryň ählisi soňa süýşürildi

  • 17.08.2020 16:15
  • 11k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň adyndan geçirilýän ýaryşlaryň ählisi soňa süýşürildi. Bu ýaryşlara Ýokary liganyň hem-de ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilýän Türkmenistanyň çempionatlarynyň 3-nji aýlawynyň hem-de Kubokdyr, Naýbaşy kubogynyň oýunlary degişli. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.

Ýaryşlaryň geçiş tertibiniň seneleri barada goşmaça mälim ediler.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionaty dört aýlawdan ybarat bolup, onda sekiz topar çykyş edýär.
Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde “Ahal” (31 utuk) bilen “Şagadam” (22 utuk) toparlary ornaşdylar.
Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynda Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-si (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) gatnaşar.
Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda bolsa ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony hem-de Kubogyň eýesi “Altyn Asyr” bilen futbol çempionaty ikinji hatarda tamamlan “Ahal” toparlary duşuşarlar.
Mundan öň, futbol çempionatymyzyň hem-de Kubokdyr Naýbaşy kubogyň oýunlarynyň awgust aýynyň soňlaryna geçirilýändigi habar berlipdi.

düýn 14:53
7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....