Türkmenistan we Owganystan ikitaraplaýyn taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

  • 13.08.2020 08:01
  • 7.5k+

12-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen gepleşikleri geçirdi.

Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen gepleşikleriň barşynda söhbetdeşler goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna köpugurly integrirlenmegine gönükdirilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekdiler.
Bu ugurda taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji ugrunyň gurluşygynyň, Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň, şonuň ýaly-da beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depgini boýunça pikirleri alyşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýokarda görkezilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşine itergi bermek bilen, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň oňyn çözgüdine, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýratyn nygtadylar. Hususan-da, täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, şol sanda energetika, ulag-kommunikasiýa we üstaşyr-logistika ugurly talabalaýyk infrastrukturanyň döredilmegine mümkinçilik berer.

şu gün 14:51
895

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...

şu gün 13:46
407

Raşid Meredow Zambiýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Zambiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alşyldy...

şu gün 08:11
2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...

şu gün 08:04
4.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

30-njy iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär...