«Türkmenpoçtanyň» bölümlerinde jemagat töleglerini töläp bolýar

  • 10.08.2020 19:53
  • 15k+

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ähli poçta bölümlerinde raýatlara jemagat töleglerini tölemek üçin hyzmatlaryň berilýändigini habar berýär. Islendik poçta bölüminde ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik hyzmatlary üçin çykdajylary töläp bilersiňiz:

  • Elektrik üpjünçiligi;
  • Suw üpjünçiligi;
  • Gaz üpjünçiligi
  • Ýyladyş;
  • Zibil aýyrmak

Aşgabat şäherinde aşakdaky poçta bölümleriniň dynç alyş günlerini hasaba almazdan, hepdede ýedi gün sagat 8:00-dan 20 :00-a çenli açykdygyny ýatladýarys:

  • Merkezi poçta bölümi;
  • 1-nji poçta bölümi;
  • 15-nji poçta bölümi;
  • 17-nji poçta bölümi;
  • 20-nji poçta bölümi;
  • 35-nji poçta bölümi;
  • 42-nji poçta bölümi;
  • 34-nji poçta bölümi.

Şäheriň beýleki poçta bölümleri iş günleri 9:00-dan 17:00-a, şenbe güni 9:00-dan 14:00-a çenli işleýär. Ýekşenbe we baýramçylyk günlerinde olar işlemez.

13.02.2026 18:26
19k+

2026-njy ýylda Oraza aýynda Aşgabatda we welaýatlarda agyz beklenýän we agzaçar wagtlary

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 18-nji fewrala, soňky güni bolsa — 19-njy marta gabat gelýär...

10.02.2026 22:04
53k+

Henizem giç däl: TMBIZ mega ýaryş yglan edip, her kimi baýrak almaga çagyrýar

Türkmenistanda TikTok we Instagram ýaly platformalaryň bäsdeşi bolan TMBIZ-de Mega ýaryş güýçli depginde dowam edýär. Bu barada biz ozal hem habar beripdik. Ýöne ýaryşa gatnaşmak henizem giç däl. Oňa gatnaşmak üçin platformany öz ykjam telefonuňyza ýükläp alyň...

10.02.2026 19:43
12k+

TMCell Töleg ýakynlaryňyzyň balansyna gözegçilik etmek we tiz töleg hyzmatyny hödürleýär

Telefon belgileriniň balansyny doldurmak we dürli hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmak üçin niýetlenen TMCell Töleg ykjam goşundysynda täze mümkinçilikler peýda boldy. Indi ulanyjylar diňe bir öz belgileriniň däl, eýsem ýakynlarynyň hem hasabynda näçe pul galandygyny görüp bilerler...

09.02.2026 18:56
16k+

11-nji fewralda ulaglaryň hereket tertibi üýtgediler we janköýerlere ýeňillik dörediler

Türkmenistanyň paýtagtynda «Arkadag» we «Al-Nasr» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga taýýarlyk işleri tamamlanýar. Tomaşaçylaryň howpsuzlygyny we oňaýlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 11-nji fewralda Aşgabatda ulaglaryň hereketine we jemgyýetçilik pudagynyň işine aýratyn tertip girizilýär...