BAE-den Türkmenistana lukmançylyk ýükli ynsanperwer kömek ugradyldy

  • 01.08.2020 07:52
  • 46k+

Birleşen Arap Emirlikleri iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistana 60 tonna lukmançylyk enjamy ýüklenen uçar ugratdy. Bu barada Emirlikleriň Habarlar gullugyna salgylanyp, Arzuw NEWS habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu ýük BAE-den Türkmenistana ugradylmagy meýilleşdirilen 90 tonna lukmançylyk enjamlarynyň 2/3 bölegi bolup, ýurtda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça​ Döwlet meýilnamasynyň çäginde zähmet çekýän, takmynan, 90 müň saglygy goraýyş işgärini goldamak üçin bölünip berilýär.
BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň jogapkär wekili Abdulaziz al-Haşimi bu barada şeýle teswir berdi:

"BAE we Türkmenistan iki dostlukly ýurduň Liderleriniň umumy bähbitleri üçin ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli berkitmek we ösdürmek ugrundaky tagallalarynda goldaw berýän ajaýyp ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklaýarlar".

düýn 10:07
7.9k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

düýn 09:20
7.1k+

Dekabrda Ýeriň ýaşaýjylary Superaýy, Ýupiteriň hemralaryny we sagatda 150-ä golaý meteory görüp biler

Ýeriň ýaşaýjylary dekabryň başynda birnäçe täsin astronomik hadysalara: Superaýa, Geminid meteor akymyna we Ýupiteriň iň uly hemralaryna syn edip biler. Bu barada UrFU okuw astronomiýa obserwatoriýasynyň inženeri Wladilen Sanakoýewe salgylanyp, TASS habar berýär...

02.12.2025 11:39
11k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

01.12.2025 17:28
6.9k+

Günde 2025-nji ýylyň iň güýçli alawlamalarynyň biri hasaba alyndy

Günde şu ýylda iň güýçli alawlamalaryň biri hasaba alyndy, onuň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 7:49-da boldy. Bu barada “FOBOS” howa merkeziniň hünärmeni Mihail Leus habar berdi. Ir ertir Günde X derejeli güýçli alawlama hasaba alyndy diýip, Mihail Leus öz Telegram kanalynda ýazdy...