Türkmenistanyň Prezidenti we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy koronawirusa garşy göreşde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurlygyny belledi

  • 25.07.2020 23:54
  • 30k+

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek, şol sanda daşary syýasat edaralary ulgamyndaky gatnaşyklar, şeýle hem dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem anyk netijä esaslanýan gatnaşyklaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy sebitleýin we ählumumy meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, halkara ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsiri bolan we adamzada täze wehim salýan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.
Türkmen Lideri döwletimiziň bu umumy dünýä göreşine ygrarlydygyny belläp, wehime garşy netijeli göreşmek maksady bilen, ähli ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny nazarlaýan halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady.

düýn 20:14
1.3k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
2.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
1.9k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....