Apple 2030-njy ýyla çenli önümçiligini 100% ekologiýa zyýansyz etjekdigine söz berýär

  • 23.07.2020 13:40
  • 8.3k+

Apple kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz «uglerod yzyny» aýyrjakdygyna söz berdi, ýagny kompaniýanyň önümleri we önümçiligi tebigata hiç hili zyýan ýetirmez. Bu barada news.ru habar berýär.

Kupertinodaky kompaniýanyň saýtynda bellenilişine görä, bu ähli zyýanly zyňyndylar tebigat üçin peýdaly bolan işler bilen çalşyrylar. Aýratynam, Apple häzir hem kompaniýanyň içki işleriniň ählisiniň tebigata ters täsiriniň ýokdugyny nygtaýar. Ähli ofisler hem-de maglumatlary saklaýyş we gaýtadan işleýiş merkezleri ekologiki taýdan arassa energiýada işleýärler.
Mundan başga-da, 10 ýylyň içinde kompaniýa hyzmatdaşlary başga bir energiýa çeşmelerine geçirmek, gaplama işlerini kämilleşdirmek hem-de ulanyşdan çykan önümleri gaýtadan işlemek usullaryny güýçlendirmek bilen önümçilik, daşama we önümleriň ähli ýaşaýyş döwri wagtynda zyýanly zyňyndylary 75% azaltmagy meýilleşdirýär.
Bellenilip geçilişi ýaly, ýakynda oýlanyp tapylan Deýw roboty gaýtadan işlenilýän iPhone-laryň köne wibrasiýa motorlaryny sökýär we ähli gymmat detallary hem-de seýrek duş gelýän ýer materiallaryny alýar. Olar täze modelleriň önümçiliginde işe girizilip bilner.
Kompaniýanyň ekologiýa tarap ädimleriniň biri Lightning kabeliniň hem-de iPhone 12-niň üpjünçilik toplumynyň smartfonuň özüne çenli azaldylmagy boldy. Indi gutuda zarýad beriji adapter hem-de nauşnikler bolmaz.

şu gün 00:17
457

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
859

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......