AŞTU Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda iňňän ýokary tizlikli GPON toruny ulanyşa girizdi

  • 20.07.2020 23:22
  • 18k+

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ paýtagtyň Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda GPON toruny işe girizdi we ilata ýokary tizlikli öý Internetini we sanly teleýaýlymy elýeterli etdi diýip, Turkmenportal habar berýär.

Netijede, adatça mis kabellerde ýüze çykýan elektromagnit päsgelçilikleri aradan aýrylyp, kabul edilýän signalyň hili ep-esli gowulandyryldy. GPON ulgamynyň artykmaçlygy diňe bir baglanyşygyň tizliginde däl, eýsem geljek üçin-de «çydamlylygynda»: hatda ýene 10 ýyldan soň ulanyjylara has köp kontente girmek üçin öňküden-de çalt işleýän internet baglanyşygy gerek bolanda hem ulgam zerur geçirijilik mümkinçiligini üpjün etmäge taýyn bolar.
GPON tehnologiýasy (Gigabyte Passive Optical Network) ulanylanda, telefon liniýasyna bagly bolmazdan, her bir abonentiň öýüne optiki-süýümli kabel çekilýär. Ol Internet baglanyşygynyň ýokary tizlige eýedigi üçin bir wagtyň özünde telekom hyzmatlarynyň birnäçe görnüşini ulanmak mümkinçilik berýär: mysal üçin, çäklendirilmedik internete girmek (simli we Wi-Fi arkaly) we sanly telewizor (şol sanda HD telewizor).
Kompaniýanyň resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, häzirki wagtda «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ bilen daşary ýurtly önümçilik kärhanalarynyň arasynda GPON tehnologiýasynyň optiki telekommunikasiýa ulgamy üçin enjamlar bilen üpjün etmek üçin goşmaça 5000 nokat üçin şertnama baglaşmak boýunça işler alnyp barylýar.
GPON tehnologiýasyndan peýdalanýan abonentlere aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek häzirki wagtda dünýäniň telekommunikasiýa operatorlarynyň hem esasy üns merkezinde durýar.

şu gün 10:31
4.3k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
982

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......