Ultramelewşe şöhleleriniň koronawirusa garşy netijeliligi subut edildi

  • 20.07.2020 18:50
  • 23k+

Gün spektrinden düşýän ultramelewşe şöhleleri koronawirus ýokançlygyny çalt ýok edip bilýär. Ultramelewşe şöhleleriniň täsirliligi barada immunolog, Milan döwlet uniwersitetiniň professory Mario Kleriçi “RIA” agentligi bilen bolan söhbetdeşlikde habar berdi diýip, lenta.ru ýetirýär.

Bilermen geçirilen synag barada gürrüň berdi: barlagçylar koronawirusly hassa üsgürenindäki ýaly täsiri döretmek üçin suw damjasyna Sars-CoV-2 goýdular. Materiallar dürli mukdarda: gysga tolkunly (ultramelewşe C - UV-C), uzyn tolkunly (UV-A) we orta tolkunly (UV-B) diapazonlarda gün şöhlesine sezewar edilendi.
Kleriçi, ultramelewşe şöhlelenmesiniň hatda ujypsyzja mukdarda täsir etmeginiň hem wirusyň birnäçe sekundyň içinde hereketsiz galmagyna getirýändigini aýtdy.
"Tomusda atmosfera aralaşýan Gün şöhleleri üsgürilende ýa-da ýokançly adam bilen gürleşilende döreýän tüýkülik damjalaryndaky wirusy bütinleý diýen ýaly öldürip biler" – diýip, alym düşündirdi.
Şeýle hem hünärmen Hindistanda, Pakistanda we Bangladeşde koronawirusyň köp ýüze çykýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, bu musson klimaty bilen, ýagny tomusda güýçli ýagyş sebäpli atmosfera gün şöhlesiniň juda az düşmegi bilen baglanyşykly.
Öň, Seçenow adyndaky Ilkinji Moskwa döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mikrobiologiýa, wirusologiýa we immunologiýa kafedrasynyň müdiri Russiýa Ylymlar akademiýasynyň akademigi Witaliý Zwerew tomsuň yssy howasynyň koronawirusyň işjeňligini peseldip bilmejekdigini, ultramelewşe şöhleleriniň weýran ediji täsiriniň diňe köçeleriň üstki gatlagyna degişlidigini aýdypdy. Ol ýokançlygyň öňüni almak üçin ilki bilen sosial aralygy saklamagyň zerurdygyny, sebäbi ýokançlygyň adamdan adama, esasan, howa damjalary arkaly geçýändigini nygtapdy.

09.06.2026 07:41
9.3k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.8k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......