Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 19.07.2020 23:07
  • 12k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Tekiz boýalan we jakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük Russiýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Söwdalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 659 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Ermenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 837 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 27 million 252 müň manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

düýn 18:38
2.5k+

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ilçi rektory täze wezipä bellenmegi bilen gyzgyn gutlap, onuň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiniň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi...

düýn 18:34
3.4k+

Daşkentde Arkadag şäherindäki iri lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

10-njy sentýabrda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistanyň saglygy goraýyş ministri A.Hudaýarowyň arasynda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň...

düýn 17:37
2k+

Çalık Holding TIF 2025 forumynyň baş hemaýatkäri bolar

Türkiýäniň iri kompaniýalar topary bolan Çalık Holding Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025-iň baş hemaýatkäri bolar. Forumyň altyn hemaýatkäri hökmünde bolsa "Eziz Doganlar" hojalyk jemgyýeti çykyş eder. Forum 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» sport toplumynyň konferensiýa merkezinde geçiriler...

düýn 17:27
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpen bilen duşuşdy...