Генсек ООН назвал два сценария будущего после пандемии

  • 08.07.2020 13:45
  • 9k+

BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyndan soň tutuş dünýäniň garaşýan iki ýagdaýy barada aýtdy. Bu barada ýokary wezipeli diplomat “Aftonbladet” şwed neşirine beren interwýusynda habar berdi. Muny sovetov.su ýetirýär.
Neşir bilen söhbetdeşlikde Antoniu Guterreş birinji ýagdaýyň optimistikdigini we onuň ýurtlaryň bu ýagdaýdan baş çykaryp bilmegini göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Esasanam, demirgazyk döwletler gaýtadan dikelmek bilen bagly netijeli meýilnamany işläp düzerler, ösüp barýan ýurtlar bolsa zerur kömegi alarlar. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň ýolbaşçysy koronawirusa garşy sanjymyň dokuz aýyň içinde taýýar bolup, onuň hemmelere elýeterli boljakdygyna umyt bildirdi.
Guterreş ýagdaýyň şeýle usul bilen ýaýbaňlanmagyny dowam etdirse, ykdysadyýet hem dikelip başlasa, onda Ýer ýüzüniň iki-üç ýyldan öňki ýagdaýyna dolanyp biljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Ikinji ýagdaýa laýyklykda, eger-de ýurtlar hereketleri sazlaşdyryp bilmeseler, Guterreşiň pikiriçe, wirusyň täze ýaýrawy ýüze çykar, ösüp barýan ýurtlarda bolsa ýagdaý ýaramazlaşar. Mundan başga-da, ol şeýle ýagdaýda her bir ýurt özbaşdak ýaşar, bütin dünýä bolsa umumy meseleleri çözmek üçin bitewi dolanyşygy gurnap bilmez diýip hasaplaýar. Netijede, onuň duýdurmagyna görä, “täze kada” emele gelýänçä, azyndan bäş-ýedi ýyl dowam etjek global durgunlyk başlanar. Onuň pikiriçe, häzir dünýäniň haýsy ugur boýunça hereket edýändigini aýtmak kyn, ýöne ol mümkin bolan ähli zady etmäge we erbet zatlara taýýar bolmaga çagyrýar. Pandemiýa edim-gylymy üýtgetmegiň gerekdigini görkezmeli, bölünişmek häzir hemmeler üçin howply diýip, ol belleýär.

27.06.2026 20:17
6.6k+

В Юте почти неделю борются с крупным лесным пожаром

В американском штате Юта уже пятый день продолжается тушение крупного лесного пожара. В ликвидации возгорания участвуют более тысячи пожарных, сообщил телеканал ABC News....

25.06.2026 12:37
7.7k+

Два мощных землетрясения произошли в Венесуэле

В Венесуэле 24 июня произошли два сильных землетрясения магнитудой 7,2 и 7,5, вызвавшие разрушения в Каракасе и других районах страны. Власти объявили чрезвычайное положение. Официальные данные о погибших и......

24.06.2026 18:53
12k+

Когда стихия переписывает историю: 5 природных катастроф, изменивших мир

Природные катастрофы традиционно ассоциируются с масштабными разрушениями. Однако история показывает, что некоторые из них способны на большее — они могут менять вектор развития человечества....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Сейсмологи: Землетрясение 2011 года сдвинуло Японию на 6 мм на восток

Международная группа сейсмологов обнаружила ранее неизвестный науке эффект, вызванный Великим восточно-японским землетрясением 2011 года. Исследование американских и французских ученых, опубликованное в......