Zyýan çekip ýa-da pes netije gazanyp işleýän döwlet kärhanalaryny aýratynlykda seljermeli — Türkmenistanyň Prezidenti

  • 05.07.2020 18:39
  • 18k+

Gurbanguly Berdimuhamedow kärhanalaryň önümçilik kuwwatlygyny doly ulanyp, zerur bolmadyk çykdajylary azaltmagy, ýokary hilli önümleri öndürip, pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet düzüminiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip belledi.
Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen bagly 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamaga örän jogapkärli çemeleşmeli diýip, türkmen Lideri býujetiň girdejili çeşmeleriniň esaslandyrylan we kanunalaýyk bolmalydygyny, çykdajy ugurlaryny netijeli we maksadalaýyk maliýeleşdirmelidigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow salgyt düzgünlerini kämilleşdirip, elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmalydygyny nygtap, bu ugurda halkara tejribesinden ugur almagy tabşyrdy.
Döwlet emlägini aýrybaşgalamagy we hususylaşdyrmagy, döwletiň paýy bolan edara-kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmegi, gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramagy çaltlandyrmaly diýlip, işleriň alnyp barylmagy ugurlarynyň ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlenildi. Milli Liderimiz zyýan çekip ýa-da pes netije gazanyp işleýän döwlet kärhanalarynyň bolsa aýratynlykda seljerilmelidigine ünsi çekdi.
Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň üstünde yzygiderli işlemeli diýip, milli Liderimiz ýer böleklerini bermek işini ýönekeýleşdirip, karz, gümrük we söwda taýdan resmileşdirmegi ýeňilleşdirmelidigini tabşyrdy.
Eksport höweslendirmeleri arkaly sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegi çaltlandyrmak, şeýle hem wiza, bellige almak, ýer böleklerini resmileşdirmek, karz we hasaplaşyk ýeňilliklerini girizmek mümkinçiliklerini öwrenmek hem esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

düýn 21:40
4.2k+

Türkmen diplomatlaryna Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşuryldy

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň...

düýn 13:21
11k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Karar kabul etdi...

düýn 13:04
11k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlap täze kitabyny ýazyp tamamlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Bu barada döwlet Baştutany 6-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi...

düýn 12:56
10k+

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 231 raýatyň günäsi geçildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. 6-njy dekabrda geçirilen...