Türkmenistan pandemiýa garşy göreş meseleleri boýunça onlaýn-maslahata gatnaşdy

Türkmenistan pandemiýa garşy göreş meseleleri boýunça onlaýn-maslahata gatnaşdy

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýanyndaky Hemişelik wekiliniň gatnaşmagynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşykda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň assambleýasynyň 73-nji sessiýasy ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Dünýäni gurşap alan COVID-19 pandemiýasy hem-de oňa garşy göreşmek boýunça çäreler wirtual görnüşde geçirilen halkara forumyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge taýýarlygy hem-de howply ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almaga gönükdirilen dessin täsir ediş çärelerini üpjün etmegiň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy we ýakynda kabul edilmegi nusga alarlyk mysal hökmünde görkezildi.
Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar bu meýilnamany amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, howply kesellere, hususan-da, koronawirusa garşy göreşmek maksadynda hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşyklaryň zerurdygyny nygtadylar.