Öz logotipiň oturdylan ýeňsiz kurtkalar hem müşderä sowgat, hem gezip ýören reklamaň

  • 14.09.2023 08:34
  • 32k+

Söwda we hyzmatlar ulgamynda egin-eşikler möhüm orun eýeleýär. Logotip oturdylan eşikler bolsa, şol brendiň müşderiniň aňynda galmagyna kömek edýär. Mundan başga-da, logotipli eşikler şol brendiň derejesini beýgeldip, müşderiniň ynamyny artdyrýar. Galyberse-de, bu hili eşikler islendik adam üçin ýakymly sowgat bolup biler. Haryt nyşanly futbolkalary, kepkalary, ýeňsiz žiletlerdir kurtkalary taýýarlap bermekde «Gadyr Style» kärhanasy ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.

2020-njy ýyldan bäri ýokary hilli žiletleri hem-de kurtkalary öndürip gelýän bu kärhana sargyt edijiniň taýýar logotipi bilen bolşy ýaly, logotipiň indiwidual nusgalary bilen hem žiletleri taýýarlap berýär.
«Gadyr Style» kärhanasynyň ýeňsiz žiletleri hereketiň oňaýlylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, beden üçin hem rahatdyr. Howanyň derejesiniň sowap başlamagy bilen ýeňsiz kurtkalar işgärleriň esasy eşiklerini hapalanmakdan gorap, olary güýçli şemaldan, ýagyşdan ýyly saklaýar.

Sargydyň iň az mukdary — 20 sany.
Sargytlar — 10-15 günüň dowamynda ýerine ýetirilýär.

«Zehinli çözgüt», «Awto güýç», «Altyn şöhle», «Goşa çynar», «Tolkun», Elite Elektronika, «Rahat öý» ýaly kompaniýalar, «City market», «Şazada», «Paýtagt», «Şerbet», «Täjir» ýaly marketler, «Shivaki», MacCoffee, söwda brendleri, «Central park», «Nescafe», «Saryja» ýaly kafe-restoranlar, «Esmo», «Ödül», «Salkyn», «Arakesme», «Elin», «Kuwwatly Halal» ýaly kärhanalar  öz işgärleri üçin «Gadyr Style» hususy kärhanasyndan logotipli egin-eşikleri aldylar.
Žiletler bilen bir hatarda «Gadyr Style» kompaniýasy güýz-gyş möwsüminde zerur bolan kurtkalaryň hem giň toplumyny öndürýär. Kurtkalara hem sargyt ediji kompaniýanyň haryt nyşanyny — logotipini oturdyp bolýar.
«Gadyr Style» žiletlere we kurtkalara oturdyp beren haryt nyşanlarynyň köp gezek ýuwlandan soň hem, uzak wagtlap ýokary hilini saklap galjakdygyny kepillendirýär.


Taýýar görnüşler bilen birlikde, müşderi sargyt esasynda hem göwnüne laýyk gelýän žiletleri we kurtkalary sargyt edip biler. «Gadyr Style» önümleriniň bahasynyň amatlydygyny habar berýär.
Tölegler nagt, nagt däl görnüşinde, şeýle hem hasaba geçirmek arkaly amala aşyrylyp bilner.

Öz logotipiňiz oturdylan ýeňsiz žiletleri, kurtkalary, batnikleri, futbolkalary we kepkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:
+99365082347

27.04.2026 10:50
12k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

22.04.2026 18:06
73k+

«Onlaýn hyzmatda» aprel täzelenmeleri: keşbek mümkinçiligi giňeldildi

Aprel aýy tamamlanyp barýar, diýmek, öý interneti (AŞTU, Türkmentelekom), ykjam aragatnaşyk (TmCell), IPTV, Älem TV, Belet hyzmatlarynyň töleg wagty ýetip geldi....

13.04.2026 17:59
5k+

«Gül Mebel» 30% arzanladyş yglan edýär

Öýüňiziň interýerini täzelemek isleýäňizmi? Onda siziň üçin gowy habar! «Gül Mebel» dükanynda 30% ARZANLADYŞ dowam edýär....

06.04.2026 11:49
18k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....