30 müňe golaý okuwçy Oguz han adyndaky uniwersitetde geçiriljek olimpiada gatnaşmaga isleg bildirdi

  • 28.01.2023 17:36
  • 23k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýurdumyzyň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» ady bilen geçirilýän olimpiadasynyň I tapgyryna gatnaşmaga isleg bildirip, hasaba alnan mekdep okuwçylarynyň sany 30 müňe golaýlady.

Guramaçylyk toparynyň bellemegine görä, munuň özi mekdep ýaşlarynyň döwlet derejesinde geçirilýän olimpiada gyzyklanmasynyň garaşylandan has-da köp bolandygyny görkezýär.
Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem hasaba alnan okuwçylaryň arasynda iňlis dili, tebigy we takyk ugurly dersler boýunça döwlet we halkara ders bäsleşiklerinde, şeýle-de taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylaryň sanynyň ýokary bolmagydyr. Olaryň käbirleri barada aýdyp geçsek, Fiso 2022, Stemco 2022, WICE Malaysia ýaly abraýly olimpiadalarda altyn, kümüş we bürünç medallara eýe bolan mekdep okuwçylarynyň gatnaşýanlygydyr.
Häzirki wagtda bu olimpiadany guramaçylykly geçirmek we adalatly baha bermek boýunça döredilen topar tarapyndan taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar.
Olimpiada baradaky maglumatlary, onuň düzgünnamasy, zehin soragy we onuň çözüliş usullary barada maglumatlary uniwersitetiň internet sahypasyndan alyp bilersiňiz.


düýn 11:35
6.4k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde öňdebaryjy bilim işgärleri sylaglanyldy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ulgamynyň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Çäre mugallymlaryň milli bilim we terbiýeçilik ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryny ykrar etmäge bagyşlandy...

11.01.2026 14:47
6.5k+

Arkadag şäherindäki mekdep daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwrüler

Arkadag şäherindäki umumy bilim berýän mekdebini döwrebaplaşdyrmak we ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek meýilleşdirilýär. Bu barada 10-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda şäheriň häkimi G...

10.01.2026 19:10
3.3k+

ABŞ-nyň ilçihanasy mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça bäsleşik yglan etdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýt maksatnamasynyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» atly ugry boýunça açyk bäsleşigi yglan etdi. Bu maksatnama mugallymlara öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär...

05.01.2026 15:43
7.6k+

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary halkara bäsleşiklerinde üstünlik gazandylar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Aýlar Arazberdiýewa “GDA-nyň iň gowy talyby”, Nurýagdy Baýryýew bolsa “Iň gowy ylmy iş - 2025” halkara bäsleşiklerinde ýeňiş gazandy...