Şu günler howlyňda we otagyňda nämeleri ekip bolar? Botanigiň maslahaty

  • 20.11.2024 11:58
  • 5.6k+

Güýzüň ahyry agaç nahallaryny we otag ösümliklerini ekmek üçin amatly döwürleriň biri bolup durýar. Hut şu günleriň howa şertlerine laýyk gelýän nahallar we otag ösümlikleri saýlanyp alynsa, netijeler hem gowy bolar. Eýsem, howlyňyzda haýsy nahallary oturdyp, otaglaryňyzy haýsy ösümlikler bilen bezäp bilersiňiz? Bu barada S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Myratberdi Çopanow maslahatlaryny berdi.

Howlyňyzda pürli agaçlardan eldar sosnasyny (Pinus eldarica), Gündogar tuýasyny (Biota orientalis), türkmen arçasyny (Juniperus turcomanica), arizon serwisini (Cupressus arizonica) oturtmak maslahat berilýär. Gyrymsy agaçlardan bolsa bereskleti (Eunymos) – muňa halk arasynda “hemişe ýaşyl” hem diýilýär, barbarisi (Berberis) – zirki ekip bilersiňiz. Eger saýaly agaçlar ekmek isleseňiz, tut agajy (Morus), dub (Quercus), dagdan agajy (Fraxinus), ak akasiýa (Robinia pseudoacacia), çynar (Platanus) ýaly agaçlary maslahat berip bileris. Üzüm çybygy, alma, armyt, garaly, şetdaly, ülje ýaly nahallar geljekde howlyňyzy datly miweleriň bol hasyly bilen bezär.

“Agajy güýzde oturtmagyň esasy peýdasy – bu döwürde onuň kök tutmagy üçin amatly mümkinçilik döreýär. Kök – agajyň möhüm bölegi. Howa salkyn, çygly bolup, ýagyş we gar ýagýar. Agaja hem hut şu şertler zerur” – diýip, Myratberdi Çopanow düşündirdi.

Nahal ekiljek toprak öňünden taýýarlanyp, agdarylsa has peýdaly. Öň ýorunja, noýba, nohut, mäş ýa-da soýa ekilen, çüýrüntgä baý toprakda agaç üçin iýmit bolçulygy emele gelýär. Nahal oturtmak üçin ortaça 50-60 sm çuňlukda çukur gazylýar, ilki 30-35 sm ýokarky toprak guýlup, aşakdaky toprak üstüne goýulýar. Şeýlelikde, iýmitli gatlak gönümel köküň daşyna düşýär.
Ekilenden soňra nahallaryň sagdyn ösmegi üçin yzygiderli ideg etmek zerur bolup durýar. Noýabrdan başlap, ýere düşýän ygalyň mukdary artyp biler. Şeýle ýagdaýda suwarmagyň yzygiderligini azaldyp bilersiňiz. Ýöne topragyň doly guramagyna hem ýol bermäň.  
Güýz pasly otag güllerini göçürmek üçin amatly döwür hasaplanýar. Göçüriljek güller üçin küýzede mele toprak ulanylsa we onuň düzümine gumus goşulsa, ösümlikleriň has uzak wagtlap we owadan güllemegine täsir eder. Güýzde otagyňyza araukariýany (Araucaria), fikusy (Ficus), Hytaý bägülini (Hibiscus rosa-sinensis) we tradeskansiýany (Tradescantia) ekip bilersiňiz. Bu ösümlikler ýagtylygy söýýärler. Sansewiýeriýa (Sensevieria) hem otagyňyzy bezäp biler, ýöne ol kölegede ösmegi gowy görýär. Şeýle hem, şu günler öýüňizde puansettiýany (Euphorbia pulcherrima) oturtmak mümkin. Täze ýyl golaýlanda onuň ýapraklary owadan öwşün atar. Halk arasynda oňa "Täze ýyl ýyldyzy" hem diýilýär.
Güller üçin otag temperaturasy (+25 °C) zerur hasaplanýar. Sowuk günlerde otag ösümliklerini ýygy-ýygydan suwarmak zyýanly bolup biler. Adatça, hepdede bir gezek suwarmak maslahat berilýär.
Agzalyp geçilen ösümlikleriň ählisini Aşgabatdaky gül dükanlaryndan alyp bilersiňiz.


12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....