Ridli Skott “Gladiatoryň” dowamyny surata düşürmegi tamamlady

  • 21.01.2024 20:34
  • 7.2k+

Režissýor Ridli Skott “Gladiator 2” filmini surata düşürmegi resmi taýdan tamamlady. Sikwelde baş keşbi ýerine ýetiriji Pol Meskal Instagram-da režissýor bilen düşen suratyny ýerleşdirip, “Soňy” ýazgysy bilen onuň üstüni ýetirdi. Bu barada RBK habar berýär.

Ridli Skott taryhy dramanyň dowamyny döretmek meýilnamalary barada heniz 2000-nji ýyllaryň başynda aýdypdy. Surata düşüriş işleri diňe 20 ýyldan gowrak wagt soň, 2023-nji ýylyň iýun aýynda başlady. Ýöne önümçiligi Golliwudda aktýorlaryň iş taşlaýyşlary sebäpli togtatmaly boldy. Iş dekabr aýynyň başynda gaýtadan dowam etdirildi. Lentanyň prokata çykjak senesi 2024-nji ýylyň 22-nji noýabryna meýilleşdirilýär.
Ikinji bölümiň wakalary asyl filmiň sýužetinden 25 ýyl soň, birinji bölümde Rassel Krouwyň ýerine ýetirmegindäki Maksimusyň ölüminden köp ýyl geçensoň bolup geçýär. Meskal filmde Lusillanyň (Konni Nilsen) ogly we Kommod imperatorynyň (Hoakin Feniks) ýegeni Lusiýiň keşbini ýerine ýetirýär. Şeýle-de, filmde Barri Keogan, Denzel Waşington we Jozef Kuinn surata düşdi.
Surata düşürme işleri Maltada we Marokkoda geçirildi. Bu film eýýäm ýylyň iň köp garaşylýan taslamalarynyň biri diýlip atlandyryldy.
Asyl film ekrana 2000-nji ýylda çykdy we prokatda 460,5 mln dollar ýygnady. “Oskaryň” eýesi Rassel Krou “Gladiatorda” iň gowy erkek keşbi üçin baýraga mynasyp boldy.
Sikwelde baş keşbi alan 27 ýaşly aktýor Pol Meskal “Adaty adamlar” mini-serialynda Konnel Uoldronyň keşbi bilen meşhur boldy. 2023-nji ýylda “Güneşim” dramasyndaky baş keşbi üçin ilkinji gezek “Oskar” we BAFTA baýraklaryna dalaşgär görkezildi.

şu gün 16:55
974

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

şu gün 15:06
782

Ryanair awiakompaniýasy ene-atalara çagalarynyň ýanynda mugt oturmaga rugsat berdi

Irlandiýanyň Ryanair awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň Bäsdeşlik we bazarlar boýunça edarasynyň (CMA) derňew işine başlamagyndan soň, uçaryň bortunda maşgala agzalaryny oturtmagyň düzgünlerini üýtgetdi.......

şu gün 14:59
985

Mercedes-Benz işgärlerine sylag pullaryny bermegi yza süýşürmekçi we iş hepdesini uzaltmakçy

«Mercedes-Benz» işgärlere sylag pullaryny (premiýalaryny) geljek ýyla çenli yza süýşürmek kararyna geldi we goşmaça tölegsiz iş hepdesiniň dowamlylygyny artdyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu......

şu gün 10:00
2.9k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......