MAVI egin-eşik dükanynda 1 haryt alana 1-i MUGT aksiýasy 31-nji awgusta çenli uzaldyldy

  • 26.08.2023 16:26
  • 15k+

«Berkarardaky» MAVI egin-eşik dükanynda ýylyň iň uly aksiýasy — 1 haryt alana 1-i MUGT aksiýasynyň möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy.
Aksiýa harytlaryň bellenen toparyna degişli.

MAVI dükany erkekler hem-de zenanlar üçin bölümlerinde möwsüme görä futbolkalardan başlap, köýnekleriň, jinsilereriň, aksessuarlaryň giň toplumyny hödürleýär.
MAVI brendiniň jinsilerinde sport boýunça türgenleşseň hem hiç zat bolanok. Muny ýakynda Türkmenistanyň Taekwondo ITF federasiýasynyň ýolbaşçysy, halkara derejeli sport ussady, halkara derejeli emin Gaýgysyz Atabaýew tassyklady.
Gaýgysyz Atabaýewiň aýtmagyna görä, egin-eşik diňe bir göze gelüwli ýa-da jana rahat bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda çydamly hem bolmalydyr.
MAVI dükany şäher içine eltip bermek hyzmatyny mugt ýerine ýetirýär. Şeýle hem Türkmenistanyň islendik ýerine eltip bermek hyzmaty bar.
Dükanlarda tölegler nagt hem nagt däl görnüşde kabul edilýär.


Mavi we başga-da köp sanly brendleriň egin-eşiklerini Asmanshop onlaýn söwda platformasyndan hem aňsatlyk bilen sargyt edip bilersiňiz. Munuň üçin öýde Asmanexspress ykjam goşundysynyň Asmanshop bölümine girip, islendik brendiň egin-eşikleriniň ählisini telefonyňyzdan saýlap sargyt edip bolýar. 90 minudyň içinde saýlan egin-eşigiňizi birnäçe ölçegde öýüňize getirer.

Saýt: asmanexpress.com/shop/tm
MAVI dükany, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gaty,
Tel: +99361643987

düýn 18:22
5.1k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
2.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
3.9k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....