Tennessi ştatynyň haýwanat bagynda meneksiz žiraf dünýä indi

  • 22.08.2023 23:59
  • 24k+

ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň «Braýts» haýwanat bagynda özboluşly žiraf dünýä indi. Onda bu haýwana mahsus tegmiller ýok.

Häzirki wagtda onuň boýy 183 santimetr töweregidir. Täze doglan çaga žirafa iň gowy laýyk gelýän ady saýlamak üçin bäsleşik yglan edildi.
Haýwanat bagynyň işgärleri munuň häzire çenli gabat gelnen ýeke-täk şeýle ýagdaýdygyny belleýärler. Olaryň pikiriçe, bu hadysa haýwanat baglarynda saklanýan žiraflar üçinem, ýabany tebigatda ýaşaýan žiraflar üçinem örän seýrekdir.
Alymlar tegmilleriň žiraflara ýabany tebigatda gizlenmek üçin gerekdigini belleýärler. Mundan başga-da, tegmiller yssy howa şertlerinde bedeniň gyzgynlygyny sazlamaga hem kömek edýär. Žiraflar tegmillerini, adatça, ejelerinden miras alýarlar.
Haýwanat bagynyň işgärleri bu çaga žirafyň ýabany tebigatda žiraflaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna, şol sanda brakonýerlik we ýaşaýan ýerleriniň ýok edilmegi bilen bagly meselelere üns çekmäge kömek eder diýip umyt edýärler.

düýn 23:54
729

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
829

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
570

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.4k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....