Bill Geýts gowy görýän 5 sany kitabynyň adyny aýtdy

  • 30.11.2022 15:49
  • 13k+

Bill Geýts blogynda gowy görýän bäş sany kitabynyň adyny aýtdy. Ol kitaplary dowamly baýramçylyk günlerinde okamagy maslahat berýär.

Adatça, Bill Geýts şeýle bloglarda soňky ýylda haýsy kitaplary okandygy barada gürrüň berýär. Emma bu gezek ol oňa bagly bolmadyk  sanawy düzmegi makul bildi.

  • Robert Haýnlaýn, "Ýat ýurtdaky gelmişek"

Geýts bu kitaby ylmy fantastika iň gowy giriş diýip atlandyrýar.

  • Bono, "Boýun synmak"

Gürrüň U2 toparynyň lideri barada gidýär. Bu — täze kitap, Bill ony gyzgyny bilen okamagy maslahat berýär, ony okan adam Dubliniň eteginde önüp-ösen we dünýä belli rok-ýyldyza we filantropa öwrülen oglan baradaky waka bilen tanyşýar.

  • Doris Kerns Gudwin, “Bäsdeşleriň topary: Awraam Linkolnyň syýasy geniligi”

Bill muny ýurdy dolandyrmagy öwrenmekde iň gowy ýolgörkeziji diýip atlandyrýar.

  • Timoti Golwin, “Tennis. Şowly oýnuň psihologiýasy”

“Tennis oýnaýan her bir kişi 1974-nji ýylda çykan bu kitaby okamaly, ýöne hiç haçan tennis oýnap görmedik adamlar hem ondan peýdaly zat tapyp biler diýip men pikir edýän” — diýip, Bill ýazýar.

  • Pol Streteýrn, “Mendeleýewiň düýşi”

Bu müňýyllyklaryň dowamynda ylmyň we adam bilesigelijiliginiň nähili ösendigine bolan gyzykly garaýyş diýip, Bill belleýär.


düýn 14:55
1.8k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......