Jonni Depp «Karib deňziniň garakçylary» seriýasynyň täze filminde surata düşer

  • 25.11.2022 12:47
  • 7.6k+

Amerikaly aktýor Jonni Depp kapitan Jek Serçäniň başdan geçirmeleri barada “Karib deňziniň garakçylary” seriýasynyň soňky filminiň çykanyndan bäş ýyl geçenden soň, onuň altynjy filminde surata düşer. “The Sun” gazetiniň habar bermegine görä, Deppiň ady filmiň surata düşürilişine gatnaşmak üçin çagyrylýan artistleriň we tehniki işgärleriň sanawynda görkezilýär.

Neşir “Deňizdäki gün” (A Day At The Sea) başlangyç adyny alan filmiň synag surata düşürilişiniň fewral aýynda Beýik Britaniýada başlajakdygyny habar berýär. Häzirlikçe taslama başlangyç tapgyrda: aýratynam, heniz täze filmiň režissýory bolup kimiň çykyş etjekdigi-de belli däl. Şol bir wagtyň özünde filmiň ýerine ýetiriji prodýuseri franşizanyň ilkinji üç filminiň döredilmegine gatnaşan Brýus Hendriks bolar.
Gazetiň bellemegine görä, ilkinji filmi 2003-nji ýylda çykarylan “Karib deňziniň garakçylary” seriýasynyň bäş filmi dünýä prokatynda 4,1 mlrd dollardan gowrak girdeji getirdi, Deppiň özi 240 mln dollar gazandy.

şu gün 16:13
534

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......