Citroen “hemmeler üçin elýeterli bolan elektromobili” hödürlejekdigini aýdýar

  • 12.02.2020 21:51
  • 2.2k+

Geçen hepde “Citroen” fransuz awtoöndürijisiniň twitter-akkauntynda elektromobiller muşdaklarynyň gözden sypdyrmajak habary peýda boldy. Bu habar özünde elýeterli elektromobiliň çykaryljakdygy baradaky wadany, onuň ilkinji wideo-tizerini hem-de anonsynyň senesini öz içine alýan peýdaly informasiýany saklaýar. Bu barada Citroen-a salgylanmak bilen itc.ua habar berdi.
Bu habar twitter-akkauntda şeýle bellenilen:
“In 2020, Citroen makes electric mobility accessible to all! SAVE THE DATE: February 27 th. Stay Tuned! #ËlectricForAll #InspirëdByYouAll pic.twitter.com/Ur6XOVivNq
- Citroen (@Citroen) February 6, 2020
Täze elektromobil barada köpräk maglumatlary Citroen şu aýyň ahyrynda, ýagny 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda aýdar. Model barada anyk maglumatlar heniz ýok, ýöne görkezilen surat boýunça, bu üýtgeşik dizaýnly ykjam siti-kar bolar.
Ýatladyp geçsek, şular ýaly modeli brend soňky gezek bir ýyl mundan öň görkezipdi – bu dolandyrylmasy üçin sürüjilik şahadatnamasy gerek bolmadyk, 45 km/sag maksimal tizlikli we 100 km ätiýaç ýolly iki orunly Citroen Ami One Concept elektromobilidi.
Şeýlelik bilen, häzirlikçe geçen ýylky konseptiň seriýaly wersiýasynyň görkeziljekdigi hem-de onuň çykyş senesini we bölek satuw nyrhyny belli etjekdikleri barada pikir bar.

düýn 23:00
1.2k+

Tesla-nyň Cybertruck pikaplarynyň esasy alyjysy Ilon Maskyň özi bolup çykdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki kompaniýalar, ilkinji nobatda bolsa SpaceX, Cybertruck elektrik pikaplarynyň esasy alyjylaryna öwrüldiler. Olar geçen ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-da hasaba alnan ähli Cybertruck......

27.04.2026 19:03
3k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....

27.04.2026 15:32
3.1k+

GM awtoulagyň işläp taýýarlanyş tizligini birnäçe minuta çenli gysgaltdy: nädip?

General Motors täze modelleriň döredilişini çaltlaşdyrmak üçin ulaglaryň işlenip düzülişine emeli aň ulgamyny ornaşdyrýar. Öň ​​ konsept hepdeläp ýa-da aýlap işläp düzülen bolsa, indi ol birnäçe minutyň içinde......

27.04.2026 11:35
1.7k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......