Lukmanlar çaýyň garry adamlaryň beýnisini goraýandygyny anykladylar

  • 12.12.2019 18:20
  • 1.9k+

Singapur uniwersitetiniň alymlary, oňat kognitiw funksiýalar bilen baglylykda, wagtly-wagtynda çaý içýän adamlaryň ony seýrek içýän ýa-da düýbünden içmeýän adamlara garanda, beýni gurluşynyň has guramaçylyklydygyny anykladylar.
Alymlar çaýyň beýni gurluşyna edýän oňaýly täsiriniň ilkinji subutnamalaryny aldylar. Bu içginiň wagtly-wagtynda içilmegi beýniniň ýaşyň ulalmagy bilen baglylykda ýüze çykýan funksional peselmegine garşy gorag täsirini ýetirýändigini çaklamak bolýar.
Mundan öňki barlaglar çaý içmegiň adam saglygyna peýdalydygyny görkezdi. Mundan başga-da, bu içginiň şähdiňi açmak we ýürek-damar keselleriniň öňüni almak işini üpjün edýändigi bellenildi. Munda bolsa, barlag geçirijiler ýaşy 60-dan uly bolan adamlaryň 36 sanysyny çagyrdylar hem-de olaryň ýaşaýyş-durmuşy, fiziologiki we psihologiki saglyk ýagdaýlary barada maglumat topladylar. Olaryň ählisi neýropsihologik testlerinden we 2015-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli döwürde magnit-rezonans tomografiýasyndan geçdiler.
Beýniniň kognitiw funksionalyny seljerip, barlag geçirijiler gök ýa-da gara çaýyň 25 ýylyň dowamynda hepdede 4 gezekden az bolmadyk ýagdaýda kabul edilmeginiň beýniniň işine netijeli täsir edýändigini ýüze çykardylar.

düýn 18:23
5.4k+

Agramy 25 kg bolan Ýerdäki iň uly Mars meteoriti auksionda 5,3 mln dollara satyldy

Sotheby’s auksionynda häzire çenli Ýerde tapylan iň uly Mars meteoriti satyldy. Auksion öýüniň sosial ulgamlarynda habar berlişi ýaly, onuň üçin gutarnykly baha 4,3 mln dollar boldy. Ýygymlary we çykdajylary göz öňünde tutup, alyjy, takmynan, 5,3 mln dollar töledi...

düýn 18:20
1.2k+

Raşid Meredow Botswananyň halkara gatnaşyklar ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasynyň halkara gatnaşyklar ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

düýn 18:01
8.8k+

Ýaryşlarda ömrüne ýeke gezek hem ýeňiş gazanyp görmedik at mobil oýnuň gahrymanynyň prototipine öwrüldi

20 ýyldan gowrak öň sport karýerasyny tamamlan 29 ýaşly ýapon çapuw aty "Haru Urara" 26-njy iýunda çykan Uma Musume Pretty Derbi mobil oýnundaky gahrymanyň prototipi boldy. Bu bir wagtlar yhlaslylygyň nyşanyna öwrülen haýwana täzeden gyzyklanma döretdi diýip, UPI ýazýar...

düýn 17:50
3.7k+

Akulalaryň suratlarynyň Shark Photographer of the Year 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Shark Trust haýyr-sahawat guramasy suwasty suratlaryň Shark Photographer of the Year 2025 halkara bäsleşiginiň jemini jemledi. Netijeler 14-nji iýulda – akulalar barada habarlylygyň gününde yglan edildi. Bu baýramçylyk akulalaryň deňiz ekoulgamyndaky ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrmak we olar baradaky ters düşünjelere garşy göreşmek üçin döredildi...