Coca-Cola ýagtylyk saçýan gylyçly Star Wars Coke çüýşesini çykardy

  • 09.12.2019 23:33
  • 6.7k+

«Звездные войны: Восход. Скайуокер» filminiň çykmagynyň öňüsyrasynda Coca-Cola kompaniýasy Singapurda etiketkasynda ýagtylyk saçýan “gylyçly” ýörite Star Wars Coke çüýşeli içgileriň çäkli çykarylyşyny hödürledi.
Bu nähili işleýär? Çüýşede uly bolmadyk maýyşgak OLED-ekrany we akkumulýator oturdylan, ol, takmynan, 500 gezek ýakmaga ýa-da 40 minut üznüksiz işlemäge ýetýär. Haçan-da ulanyjy çüýşäni eline alanda, gylyç ýanýar.
Çüýşäniň jemi iki wersiýasy bolar – Kaýl Renli we gyzyl ýanýan gylyçly hem-de Reýli we gök ýanýan gylyçly. Çüýşeleriň umumy tiražy 8,5 müň sany bolar.
Olar diňe Singapuryň belli bir söwda nokatlarynda 22-nji dekabra çenli satylar.

düýn 18:23
5.4k+

Agramy 25 kg bolan Ýerdäki iň uly Mars meteoriti auksionda 5,3 mln dollara satyldy

Sotheby’s auksionynda häzire çenli Ýerde tapylan iň uly Mars meteoriti satyldy. Auksion öýüniň sosial ulgamlarynda habar berlişi ýaly, onuň üçin gutarnykly baha 4,3 mln dollar boldy. Ýygymlary we çykdajylary göz öňünde tutup, alyjy, takmynan, 5,3 mln dollar töledi...

düýn 18:20
1.2k+

Raşid Meredow Botswananyň halkara gatnaşyklar ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasynyň halkara gatnaşyklar ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

düýn 18:01
8.8k+

Ýaryşlarda ömrüne ýeke gezek hem ýeňiş gazanyp görmedik at mobil oýnuň gahrymanynyň prototipine öwrüldi

20 ýyldan gowrak öň sport karýerasyny tamamlan 29 ýaşly ýapon çapuw aty "Haru Urara" 26-njy iýunda çykan Uma Musume Pretty Derbi mobil oýnundaky gahrymanyň prototipi boldy. Bu bir wagtlar yhlaslylygyň nyşanyna öwrülen haýwana täzeden gyzyklanma döretdi diýip, UPI ýazýar...

düýn 17:50
3.7k+

Akulalaryň suratlarynyň Shark Photographer of the Year 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Shark Trust haýyr-sahawat guramasy suwasty suratlaryň Shark Photographer of the Year 2025 halkara bäsleşiginiň jemini jemledi. Netijeler 14-nji iýulda – akulalar barada habarlylygyň gününde yglan edildi. Bu baýramçylyk akulalaryň deňiz ekoulgamyndaky ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrmak we olar baradaky ters düşünjelere garşy göreşmek üçin döredildi...