Huawei «akylly» äýnekleriniň täze modellerini satuwa çykardy

  • 09.12.2019 23:26
  • 4.7k+

Sentýabr aýynyň ortalarynda hytaý kärhanasy Huawei smartfonlar bilen hiç hili umumylygy bolmadyk «akylly» gajetini bazara çykardy. Gürrüň — «Gentle Monster» brendi bilen hyzmatdaşlykda döredilen «Huawei EyeWear Smart Glasses» «akylly» äýnekler barada gidýär.
«Huawei EyeWear Smart Glasses» «akylly» äýnekleriň liniýasy şu ýylyň aprel aýynda anons edilipdi. Oňa bäş sany model girdi: «Smart East Moon 01», «Smart Jack Bye 01», «Smart South Side 01», «Smart Alio 01» we «Smart Alio C1». Ilkinji iki model günden goraýan äýnekler, galan üçüsi göreji gowşak bolan adamlara niýetlenilen.
Geçen hepdäniň ahyrynda «Smart South Side 01», «Smart Alio 01» we «Smart Alio C1» modelleri ahyr satuwa çykdy. “Akylly” äýnekleriň bahasy 280-den 355 dollara çenli barabar.
Ýatlap geçsek, gajet telefony çykarmazdan gürleşmäge mümkinçilik berýär, sebäbi ol mikrofon we stereodinamika bilen üpjün edilen. Telefon jaňyna jogap bermek üçin onuň tutaryna basmak ýeterlik. Aragatnaşyk hilini gowulamak üçin äýnekde galmagaly ýatyrýan Al Bluetooth tehnologiýasy oturdylan.
Korpus IP67 goragyna eýe, onda zarýad berme üçin USB-C bölegi bar. Oturdylan akkumulýator 2,5 sagat gürrüňe ýa-da aýdym diňlemeklige ýetýär.

şu gün 18:23
2k+

Agramy 25 kg bolan Ýerdäki iň uly Mars meteoriti auksionda 5,3 mln dollara satyldy

Sotheby’s auksionynda häzire çenli Ýerde tapylan iň uly Mars meteoriti satyldy. Auksion öýüniň sosial ulgamlarynda habar berlişi ýaly, onuň üçin gutarnykly baha 4,3 mln dollar boldy. Ýygymlary we çykdajylary göz öňünde tutup, alyjy, takmynan, 5,3 mln dollar töledi...

şu gün 18:20
499

Raşid Meredow Botswananyň halkara gatnaşyklar ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasynyň halkara gatnaşyklar ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

şu gün 18:01
3.7k+

Ýaryşlarda ömrüne ýeke gezek hem ýeňiş gazanyp görmedik at mobil oýnuň gahrymanynyň prototipine öwrüldi

20 ýyldan gowrak öň sport karýerasyny tamamlan 29 ýaşly ýapon çapuw aty "Haru Urara" 26-njy iýunda çykan Uma Musume Pretty Derbi mobil oýnundaky gahrymanyň prototipi boldy. Bu bir wagtlar yhlaslylygyň nyşanyna öwrülen haýwana täzeden gyzyklanma döretdi diýip, UPI ýazýar...

şu gün 17:50
1.6k+

Akulalaryň suratlarynyň Shark Photographer of the Year 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Shark Trust haýyr-sahawat guramasy suwasty suratlaryň Shark Photographer of the Year 2025 halkara bäsleşiginiň jemini jemledi. Netijeler 14-nji iýulda – akulalar barada habarlylygyň gününde yglan edildi. Bu baýramçylyk akulalaryň deňiz ekoulgamyndaky ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrmak we olar baradaky ters düşünjelere garşy göreşmek üçin döredildi...