Fizika boýunça Nobel baýragy kwant mehanikasy boýunça gözlegler üçin berildi

  • 04.10.2022 18:12
  • 5.9k+
Fizika boýunça Nobel baýragy kwant mehanikasy boýunça gözlegler üçin berildi

Fizika boýunça Nobel baýragy alymlar toparyna – fransiýaly Alen Aspe, amerikaly Jon Klauzere we awstriýaly Anton Saýlingere berildi. Bu barada Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Baýrak “bulaşyk fotonlar bilen geçirilen tejribeler, Belliň deňsizliginiň bozulmak ýörelgesiniň kesgitlenişi we kwant maglumatlary ylmyny döretmekde birinjilik üçin berildi” diýip, Nobel komiteti belleýär.

Alymlar şol bir ulgamyň düzümine girýän bölejikleriň hatda birnäçe kilometr aralykda-da biri-biriniň ýagdaýynyň üýtgemelerini duýmagy dowam etdirýändigini görkezýän “kwant bulaşyklygy” effektini beýan etdiler. Baýrak bulaşyk protonlar bilen geçirilen tejribeler, Belliň deňsizliginiň bozulmagynyň ýüze çykarylyşy (Belliň teoremasy kwant-mehaniki teoriýasynda kwant bölejikleriniň islendik fiziki häsiýetine täsir edýän käbir gizlin parametrleriň hakyky barlygyna garamazdan, tapgyrlaýyn tejribäni geçirip boljakdygyny görkezýär. Onuň statistiki netijeleri kwant-mehaniki teoriýasynda gizlin parametrleriň bardygyny tassyklar ýa-da ret eder) we kwant informatikasy boýunça täzeçillik üçin berildi.
Alymlar iki bölejigiň biri-birinden aýrylanda-da bir bitewi ýaly hereket edýän bulaşyk kwant ýagdaýlaryny ulanyp, täzeçe tejribe geçirdiler. Olaryň netijeleri kwant informatikasyna esaslanýan täze tehnologiýalara ýol açdy.
Alen Aspe 1947-nji ýylda Fransiýada doguldy. Aspe ýeke fotonlaryň, foton jübütleriniň we atomlaryň kwant we mehaniki özüni alyp barşynyň esasy taraplaryny düşündirip bilendigi bilen bellidir. Ol kwant dünýäsine düşünmäge uly goşant goşdy.
Jon Klauzer 1942-nji ýylda Los-Anjelesiň etegindäki Pasadina şäherinde dünýä indi. 2010-njy ýylda Klauzer Aspe we Saýlinger bilen bilelikde Wolf baýragyna mynasyp boldy.
Anton Saýlinger 1945-nji ýylda Awstriýanyň Rid-im-Innkraýs şäherinde dünýä indi. Özüniň ylmy işi üçin alym birnäçe abraýly baýraklara mynasyp boldy. Olaryň hatarynda Isaak Nýuton medaly (2008), “Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni (2009) we beýlekiler bar.


09.10.2024 19:03
4.3k+

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy belok gurluşlarynyň öwrenilendigi üçin berildi

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri amerikaly Dewid Beýker hem-de britaniýalylar Demis Hassabis we Jon Jamper boldular. Şwesiýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň bu çözgüdini 9-njy oktýabrda...

09.10.2024 07:42
2.9k+

Fizika boýunça Nobel baýragy emeli aň ugrundaky ylmy gözlegler üçin berildi

Nobel komiteti 2024-nji ýylda fizika boýunça baýragyň eýesini yglan etdi. Laureatlar amerikaly alym Jon Hopfild we britaniýa-kanadaly alym Jeffri Hinton boldy. Baýrak “emeli neýron ulgamlarynyň kömegi bilen maşyn...

04.10.2023 22:52
3.3k+

Himiýa boýunça Nobel baýragyny kwant nokatlaryny döredijiler aldy

Şwesiýanyň Patyşalyk ylymlar akademiýasy 2023-nji ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýelerini yglan etdi. Olar amerikalylar Mungi Bawendi we Luis Brýus hem-de russiýaly Alekseý Ýekimow boldy. Bu barada TASS...

03.10.2023 21:25
6k+

Fizika boýunça Nobel baýragy elektronlaryň we ýagtylygyň tebigatynyň öwrenilişi üçin berildi

2023-nji ýylyň fizika boýunça Nobel baýragy fransiýa-amerikaly Pýer Agostinä, wengriýa-awstriýaly alym Ferens Krausa we fransiýaly gözlegçi Ann L’Ýuile berildi. Bu barada Şwesiýanyň Patyşalyk ylymlar akademiýasy...