Aşgabatda milli aýdym-saz sungatyna bagyşlanan halkara festiwal we maslahat geçiriler

  • 19.09.2022 13:36
  • 5.1k+

Noýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Aşgabatda “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

17-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň habar berşi ýaly, bu forumyň esasy maksady türkmen halkynyň medeniýetini, baý milli mirasyny, aýdym-saz sungatyny wagyz etmekden, dürli ýurtlaryň milli we halk saz gurallarynda ýerine ýetirijileriniň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybaratdyr. Forumyň çäklerinde ussatlyk sapaklaryny, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklary hem-de beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow öňde boljak “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň we maslahatyň türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli taryhy-medeni mirasyny geljekde hemmetaraplaýyn öwrenmekde we dünýäde wagyz etmekde, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ylym, medeniýet ulgamlarynda gazananlaryny dünýä ýaýmakda aýratyn ähmiýetini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.


06.06.2026 20:16
2.4k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
5.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.2k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

02.06.2026 17:31
1.3k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....