Russiýaly Daniil Medwedew duşenbe güni US Open-iň dördünji tapgyrynyň oýnunda awstraliýaly Nik Kirýosdan utuldy. Duşuşyk 7:6 (13:11), 3:6, 6:3, 6:2 hasabynda Kirýosyň peýdasyna tamamlandy. Garşydaşlar bäşinji oýunda oýnadylar, Kirýos dördünji ýeňşini gazandy. Dörtden bir finalda awstraliýaly türgen russiýaly Karen Haçanow bilen duşuşar. Bu barada TASS habar berýär.
Medwedew geçen ýyl ýaryşda gazanan ýeňşi üçin utuklaryny gorap bilmedi, şonuň üçin ýaryşyň ahyrynda Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birinji orny ýitirer. Liderlige ýaryşda göreşmegi dowam etdirýän ispaniýaly Rafael Nadal we Karlos Alkaras, şeýle-de norwegiýaly Kasper Ruud dalaş edýär. 13-nji iýunda Medwedew karýerasynda ikinji gezek ATP-niň reýtinginde birinji orny eýeledi, öň ol birinji orny 2022-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 21-nji martyna çenli saklady.
Medwedew 26 ýaşynda. Onuň hasabynda ATP-niň howandarlygynda 14 titul bar. Kirýos 27 ýaşynda, ol dünýä reýtinginde 25-nji orny eýeleýär, onuň hasabynda ATP-niň howandarlygynda ýedi titul bar. Iýul aýynda ol “Wimbledonyň” finalyna çykyp, serbiýaly Nowak Jokowiçden utuldy.