ÝUNESKO: 244 mln çaga 1-nji sentýabrda mekdebe baryp bilmedi

  • 04.09.2022 12:39
  • 23k+
ÝUNESKO: 244 mln çaga 1-nji sentýabrda mekdebe baryp bilmedi

ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azule halkara jemgyýetçiligini her bir çaganyň bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça tagallalary “kollektiw mobilizlemäge” çagyrdy. Bu barada BMG-niň saýty belleýär.

“Dünýäniň köp ýurtlarynda täze okuw ýyly başlaýar. Bu waka şatlyk bilen doldurylmaly, ýöne ol bize bilime elýeterlilikde deňsizligiň bardygyny hem ýatladýar: 244 mln çaga henizem okuwa baryp bilmeýär. Biz bu ýagdaý bilen ylalaşyp bilmeris. Bilim – bu hukuk we biz bu hukugyň berjaý edilmegi üçin elimizden gelenini etmeli” – diýip, ÝUNESKO-nyň Baş direktory aýdýar.

ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, mekdebe barmaýan çagalaryň köpüsi Saharanyň günortasyndaky Afrika ýurtlarynda ýaşaýar. Ol ýerde 98 mln gyzyň we oglanyň okamaga mümkinçiligi ýok.
Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynda 85 mln çaga mekdebe gitmeýär. ÝUNESKO şeýle görkeziji bilen halkara jemgyýetçiliginiň 2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin ýokary hilli bilimi göz öňünde tutýan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň kyn boljakdygyndan çekinýär. Pandemiýanyň iň ýokary derejesinde, takmynan, 1,6 mlrd mekdep okuwçysy we talyp bilim almagyny bes etmäge mejbur boldy.
Pandemiýa sebäpli mekdepleriň ýapylmagy bilim almakda nogsanlyklara sebäp boldy. Pes we orta girdejili ýurtlarda 10 ýaşly çagalaryň, 2019-njy ýyldaky 57% bilen deňeşdirilende, 70 göterimi ýönekeý teksti okap bilmeýär.

“2020-nji ýylyň başynda, heniz pandemiýadan öň, 259 mln çaga mekdebe barmaýardy, bu bolsa bu ýaş toparynda dünýä ilatynyň altydan bir bölegine deňdir. Şeýle-de, 770 milliondan gowrak ulular okap ýa-da ýazyp bilmeýärdi we olaryň üçden iki bölegini aýallar düzýärdi, bu hem deňsizligiň bardygyna şaýatlyk edýär” – diýip, öň ÝUNESKO-nyň ýolbaşçysy aýtdy.

19-njy sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda bilimi özgertmek boýunça sammit geçiriler. Bu sammit bu möhüm meselelere garamak üçin dünýä liderlerini, ýaş adamlary we bilim prosesine gatnaşýan ähli gyzyklanma bildirýän taraplary bir ýere ýygnajak ilkinji çäre bolar.


10.11.2023 14:20
7.6k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ÝUNESKO-nyň Instituty bilen hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyna gol çekdiler

9-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary...

01.09.2023 16:51
13k+

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi

Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi mynasybetli Halkara şahadatnamalaryň gowşuryş...

18.02.2023 23:41
7.5k+

Magtymguly adyndaky TDU-da ÝUNESKO kafedrasy işläp başlady

Şu gün, 18-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýty habar berýär. ÝUNESKO...

27.06.2022 16:42
9k+

ÝUNESKO bilim pudagynda Türkmenistana goldaw berýär

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen guramasy (ÝUNESKO) Türkmenistana bilim pudagynda tehniki goldaw berýär. Bu barada Trend agentligine ÝUNESKO-da habar berildi.  “ÝUNESKO Türkmenistanyň hökümetine...