Volkswagen-iň ýolbaşçysy Gerbert Diss wezipesinden aýrylar

  • 24.07.2022 19:53
  • 6.4k+
Volkswagen-iň ýolbaşçysy Gerbert Diss wezipesinden aýrylar

1-nji sentýabrda Gerbert Diss Volkswagen AG nemes öndürijisiniň dolandyryjylarynyň maslahatynyň başlygy wezipesinden gider diýip, kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar. 

Porsche-niň bölümçesinde edil şonuň ýaly wezipäni eýeleýän Oliwer Blum täze ýolbaşçy bolar. Blum Volkswagen-de 1994-nji ýyldan bäri işleýär. 
Mundan hem başga, Volkswagen-iň baş maliýe direktory Arno Antlis kompaniýanyň baş operasion direktorynyň  wezipesini hem utgaşykly alyp barar.
Diss Volkswagen toparyna 2018-nji ýylda baştutanlyk etdi, ol ondan öň adybir brendiň ýolbaşçysydy.
Anna güni Volkswagen-niň paýnamalary 1,2% arzanlady, emma kompaniýanyň ýolbaşçysynyň çalyşýandygy baradaky habar Frankfurtdaky birža ýapylandan soň mälim edilipdi. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrylmasy  24%, 84 mlrd ýewro çenli gysgaldy.


29.10.2024 11:56
6.7k+

“Volkswagen” ýitgileriniň öwezini dolmak üçin Germaniýada azyndan üç zawodyny ýapar

“Volkswagen” ýitgileri azaltmak boýunça çäreleriniň çäginde Germaniýadaky zawodlarynyň azyndan üçüsini ýapmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Focus” neşiri ýazýar. Kompaniýanyň iş geňeşiniň başlygy Daniel Kawallonyň...

17.10.2024 15:35
7.7k+

Volkswagen Parižde birnäçe täze modellerini hödürledi

Volkswagen 2024-nji ýylda Pariž awtoulag salonynda geljek üçin meýilnamalaryny paýlaşyp, birnäçe täze modeli hödürledi. Esasy üns elektrik konseptlerine we täjirçilik ulaglaryna gönükdirilýär diýip, 32Cars.ru ýazýar...

14.10.2024 13:00
3.2k+

Volkswagen täzelenen Taos 2025 krossoweriniň bahalaryny yglan etdi. Ol  26 420 dollardan başlaýar

Volkswagen bir aý öň hödürlenen Taos 2025 krossoweriniň bahalaryny mälim etdi. Täzelenen modeliň kuwwaty artdyryldy. Ol döwrebaplaşdyrylan interýeri we täze tranmissiýasy bilen tapawutlanýar diýip, Motor1-iň habar...

25.09.2024 19:18
4.2k+

Volkswagen Ýewropada Polo modeliniň önümçiligini bes edýär

Volkswagen 40 ýyldan soň, Ýewropada meşhur Polo modeliniň önümçiligini tamamlaýar. Bu karar elýeterli elektrik ulaglarynyň önümçiligine geçilmegi bilen  baglanyşyklydyr diýip, IXBT habar berýär. Ispaniýanyň Pamplona...