Nikkei: dünýä kompaniýalarynyň paýnama satuwyndan girdejisi ep-esli peseldi

Nikkei: dünýä kompaniýalarynyň paýnama satuwyndan girdejisi ep-esli peseldi

Dünýäniň fond biržalarynda hasaba alnan kompaniýalar 2022-nji ýylyň geçen döwründe paýnamalarynyň satuwyndan soňky 19 ýylyň dowamynda iň pes pul mukdaryny gazandylar. 1-nji ýanwardan 9-njy iýun aralygynda ol 196,4 mlrd dollar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 70% azdyr diýip, Ýaponiýanyň “Nikkei” gazeti habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Dünýäniň kompaniýalary şeýle döwrüň içinde paýnamalaryň satuwyndan az mukdary fond biržalarynda uly pese gaçyş ýüze çykan mahaly, ýagny 2003-nji ýylda gazanypdylar.
Esasanam, amerikan kompaniýalary az girdeji gazandy: bellenilen döwürde olar paýnamalaryň satuwyndan, takmynan, 30 mlrd dollar gazandylar, bu 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 9-njy iýuny aralygynda gazanylan mukdaryň altydan bir bölegine deňdir. Bu görkeziji boýunça ABŞ-nyň biznesi ilkinji gezek Hytaýyň kompaniýalaryna ýol berdi diýip, “Nikkei” belleýär. Olaryň girdejileri amerikan korporasiýalarynyň girdejilerinden iki esse ýokary boldy.
Hünärmenleriň pikiriçe, biržalarda paýnamalary satmakdan gazanylan girdejiniň azalmagy inflýasiýanyň ýokarlanmagy esasynda öňdebaryjy döwletleriň maliýe syýasatlarynyň berkemegi hem-de Ukrainadaky wakalar sebäpli çökgünligiň täsiri bilen baglanyşyklydyr.