Türkmenistanda guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberleri artdyrylar

  • 06.06.2022 02:40
  • 20k+

Türkmenistanyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde:

— guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda ýurdumyzda iýmlik mekgejöweni 20 müň gektar, soýany 2 müň gektar we iýmlik bugdaýy 40 müň gektar meýdanlarda ekmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça guramaçylyk çärelerini amala aşyrmak;

— iýmlik mekgejöweniň, soýanyň we iýmlik bugdaýyň ekin meýdanlarynyň welaýatlar we etraplar boýunça ýerleşdirilişini, olary ösdürip ýetişdirjek kärendeçileriň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer eýeleriniň sanawyny kesgitlemek tabşyryldy.

Iýmlik däneleri öndürijileri Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi iýmlik bugdaýyň tohumy hem-de tehniki hyzmatlar bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti suwaryş suwlary bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni mineral dökünler bilen agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda zerur bolan möçberlerde we möhletlerde üpjün etmäge borçly edildi.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......