Garagum.com.tm internet dükany müşderilerine onlaýn söwdany amatly şertlerde hödürleýär

  • 03.06.2022 16:50
  • 20k+

Internet dükanlary bu günki gün aýrylmaz zerurlyga öwrüldi. Dünýäde, şol sanda ýurdumyzda giňden ýaýran onlaýn söwda dükanlary müşderilerimize amatly şertlerde ýokary hilli hem tiz hyzmaty hödürleýärler. Şeýle internet dükanlarynyň biri hem täze döredilen garagum.com.tm onlaýn marketidir.

Täze döredilen garagum.com.tm saýtyndan müşderiler hepdede 7 gün 24 sagadyň dowamynda gündelik zerur bolan azyk hem hojalyk ha­ryt­la­ry­ny  sar­gyt edip bil­erler.
Garagum.com.tm onlaýn marketiniň nähili aýratynlyklary bar?

  • internet dükanyna gelip gowşan sargytlar operatorlar tarapyndan telefon arkaly tassyklanylýar hem-de müşderi üçin amatly wagtda öýüne eltip bermeklik amala aşyrylýar;
  • internet dükanynda öz içine müňlerçe harydy alýan birnäçe bölümler bar (azyk, hojalyk harytlary, dokma önümleri, şahsy gözellik we ideg üçin önümler, çagalar üçin serişdeler, arassaçylyk serişdeleri, öý haýwanlary üçin gerekli iýmit we serişdeler);
  • edilen söwda üçin hasaplaşyklar nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar;
  • harytlar suratlary we bahalary bilen ýerleşdirilen;
  • harytlar bazar bahasyndan hem-de beýleki onlaýn marketlerinden ep-esli arzan hödürlenilýär;
  • sargytlaryň tiz wagtda hem ýokary hilli eltilip berilmegi kepillendirilýär;
  • edilen söwda 150 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär;
  • müşderiler üçin hep­de­lik we aý­lyk ar­zan­la­dyş ak­si­ýa­la­ry­ yzygi­der­li geçirilýär;
  • her söwda edene şahsy hasabynda bonus ballaryň ýygnanmagy göz öňünde tutuldy;
  • internet dükany iki dilde — türkmen we rus dillerinden hereket edýär;
  • eltip bermek hyzmaty Aşgabat, Änew şäherlerine we Büzmeýin etrabyna amala aşyrylýar.

Garagum.com.tm onlaýn marketi häzirki wagtda Android ulanyjylary üçin Play Marketden ýükläp almaga elýeterlidir. Ýakyn wagtda mobil goşundy iOS ulanyjylary üçin hem elýeterli bolar.

Garagum.com.tm internet dükanyny telefonyňyza şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.
Web saýty: https://garagum.com.tm/ru

18.06.2026 18:15
3.1k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......