Turkmenistan airlines опубликовал требования для пассажиров международных авиарейсов

  • 24.05.2022 01:23
  • 57k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi internet saýtynda COVID-19 bilen bagly halkara gatnawlaryň ýolagçylary üçin çäklendirmeler barada maglumatlary ýerleşdirdi. Habarda daşary ýurda syýahat etmegi meýilleşdirmezden ozal, Halkara howa ulaglary birleşiginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saýtlarynda ýerleşdirilen häzirki epidemiologik talaplar bilen tanyşmak maslahat berilýär. 

COVID-19 koronawirus ýokanjy bilen bagly hereket edýän çäklendirmeler döwründe barmaly ýurdunyň talaplaryna laýyk gelýän resminamalaryň (COVID-19 barlagynyň netijeleri, doldurylan anketalar, saglyk kepilnamalary, dürli görnüşler we formulýarlar, şeýle-de beýleki hökmany resminamalar) bolmadyk ýa-da talabalaýyk resmileşdirilmedik halatynda, awiakompaniýanyň ýolagçyny howa gämisiniň bortuna kabul etmekden ýüz öwürmäge hukugy bar.

Türkmenistandan gidýän ýa-da gelýän ýolagçylar barýan ýurtlarynyň düzgünleri bilen öňünden hökmany ýagdaýda tanyşmalydyrlar. 

Raýatlaryň dykgatyna!

  • COVID-19 ýokanjynyň ýokdugy baradaky türkmen ýa-da rus we iňlis dilindäki kepilnamasyny bermeli (uçuşdan öň 48 sagatdan köp geçmedik wagtda berlen) hem-de COVID-19-a garşy öňüni alyş sanjymynyň geçirilendigini tassyklaýan resminamasy. (Bu barlagyň bolmadyk ýagdaýynda, ýolagçy howa gämisiniň bortuna mündürilmeýär).
  • COVID-19 bilen baglylykda, ýolagçynyň ýerleşýän ýeri we saglyk ýagdaýy baradaky resmi kagyzynyň görnüşini (forma) doldurmaly (COVID-19 ýokanjy bilen baglylykda ýolagçynyň saglyk ýagdaýy we ýerleşýän ýeri barada forma). Bu resmi kagyzynyň görnüşi (forma) howa gämisine münülmezinden ozal, howa menziliniň terminalynyň bellige alnyş nokadynda berilýär we ýolagçy tarapyndan 2 (iki) nusgada doldurylýar. 
  • howa menziliniň terminalynda we uçuşyň dowamynda howa gämisiniň içinde lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmaly (demgysma howpy zerarly 5 ýaşa çenli çagalar agyz-burun örtügini ulanmaly däldir). 

02.04.2023 17:27
29k+

С 1 апреля «Туркменские авиалинии» перешли на летнее расписание

Авиакомпания «Туркменистан» перешла на летнее расписание. Об этом сообщается на официальном сайте авиаперевозчика. Самолеты «Туркменских авиалиний» с 26 марта летают в 9 пунктов назначения в 8 странах. Международная...

12.03.2023 15:43
66k+

Новое расписание международных рейсов авиакомпании «Туркменистан» с 26 марта

Авиакомпания «Туркменистан» опубликовала на своем официальном сайте обновленное расписание международных авиарейсов с 26 марта 2023 года с международного аэропорта Ашхабада. Направление Номер рейса День вылета...

12.03.2023 15:35
47k+

Опубликовано новое расписание внутренних рейсов авиакомпании «Туркменистан» с 1 апреля

На официальном сайте авиакомпании «Туркменистан» опубликовано обновленное расписание внутренних авиарейсов с 1 апреля текущего года. Авиакомпания отмечает, что время вылета может меняться. Направление Номер рейса...

24.02.2023 13:46
38k+

Авиакомпания «Туркменистан» сокращает число рейсов из Ашхабада в Казань

С конца марта 2023 года авиакомпания «Туркменистан» сократит число рейсов по маршруту Ашхабад — Казань до одного в неделю. Рейс будет выполняться по средам.  Билеты по данному маршруту на ближайшие шесть месяцев...