Meta-nyň paýnamalary 13% ýokarlandy

  • 01.05.2022 18:49
  • 3.1k+

Meta amerikan korporasiýasynyň paýnamalary soňky 10 ýylda girdejiniň 7% bolan ($27,91 mlrd) iň pes çärýek ösüşini hasaba alandygyna garamazdan, 13% ýokarlandy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Meta-nyň gymmatly kagyzlarynyň bahasynyň birden ýokarlanmagy kompaniýanyň işjeň ulanyjylar baradaky çärýekleýin hasabatynyň esasynda bolup geçdi. Hasabat analitikleriň deslapky hasaplamalaryndan ýokary bolup, oňa laýyklykda korporasiýanyň platformalaryny her gün 1,96 mlrd adam ulanýar. Agentligiň maglumatlaryna görä, bu görkeziji reklama berijiler üçin möhümdir.

Nýu-Ýorkuň fond biržasynyň görkezijilerine görä, 27-nji aprelde söwdanyň ýapylyşynda Meta-nyň paýnamalary 13% ýokarlandy.


19.06.2025 09:53
8.7k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

23.01.2025 15:43
6k+

Apple dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda ýene birinji orny eýeledi

Apple ýylyň jemi boýunça ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Bu barada Brand Finance Global 500 gözleginde habar berilýär. Apple brendiniň bahasy bir ýylda 11% - 574,5 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Reýtingde...

01.08.2024 17:32
2.6k+

Meta kompaniýasy Ýewropa Komissiýasyna 13,4 milliard dollar möçberinde jerime tölemeli bolup biler

Ýewropa Komissiýasy (ÝK) monopoliýa garşy kanunlary bozandygy üçin Meta kompaniýasyna jerime salmaga taýynlanýar. Jerimäniň möçberi 13,4 milliard dollara ýetip biler, bu möçber Metanyň 2023-nji ýyldaky global girdejisiniň...

04.02.2024 23:54
3.8k+

Meta 196 milliard dollar gazanyp, bir günlük ösüş rekordyny goýdy

Facebook we Instagram sosial ulgamlaryna eýe bolan Meta korporasiýasy 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda 196 milliard dollar gazanyp, bir günlük ösüş rekordyny goýdy. Hünärmenler şeýle täsirli ösüşi diwidend tölegleriniň...