General Motors bilen Honda elektromobilleriň täze modellerini bilelikde çykarmak barada ylalaşdy

  • 07.04.2022 11:43
  • 4.5k+

ABŞ-nyň we Ýaponiýanyň awtoulag ägirtleri General Motors bilen Honda elektromobilleriň täze modellerini bilelikde işläp düzmek we öndürmek barada ylalaşdy. Korporasiýalaryň bilelikdäki beýannamasynda bellenilişi ýaly, bu awtoulaglarda General Motors-yň hünärmenleri tarapyndan döredilen täze nesliň Ultium akkumulýatoryny ulanmak göz öňünde tutulýar. Bu barada TASS habar berýär.

“Biziň kompaniýalarymyz 2027-nji ýyldan başlap iki kompaniýada bar bolan tehnologiýa we konstruktor resurslaryny ulanyp, millionlarça elektromobilleriň, şol sanda ykjam krossowerleriň global önümçiligini üpjün etmegiň üstünde işleýär. Kompaniýalar dünýä derejesindäki awtoulaglary elýeterli bahalar bilen öndürmek üçin enjamlary we prosesleri standartlaşdyrmagyň üstünde işlär. Krossowerler segmenti – dünýäde iň ulusy bolup, olaryň önümçiliginiň ýyllyk göwrümi 13 mln awtoulaga ýetýär” – diýlip, beýannamada aýdylýar.

Şeýle-de, kompaniýalar “bahalaryny peseltmek we ulanylyş häsiýetlerini kämilleşdirmek maksady bilen elektromobiller üçin geljekki batareýa tehnologiýalaryny işläp düzmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini maslahatlaşýarlar”. Ultium akkumulýatorlary 2020-nji ýylyň mart aýynda hödürlendi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, olar 650 km çenli ýol ätiýaçlygyny üpjün edip, tizligi üç sekuntda sagatda 60 km çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Korporasiýalaryň ikisi-de eýýäm elektromobilleriň birnäçe modelini, hususan-da Chevrolet Bolt-y (General Motors) we Clarity BEV-i (Honda) öndürýär.

Dünýäniň köp sanly awtokompaniýalary ýakyn ýyllarda elektromobil önümçiligine doly geçmegi meýilleşdirýär. Ýagny, Volkswagen 2035-nji ýyla çenli Ýewropada içerki ýangyç hereketlendirijili awtoulaglary çykarmagy bes etmekçi bolýar. Rolls-Royce hem 2030-njy ýyla çenli muny etmäge wada berdi.

Halkara energetika agentliginiň çaklamasy boýunça, häzirki tendensiýa dowam etse, 2030-njy ýyla çenli dünýä ýollarynda elektromobilleriň, şol sanda furgonlaryň, ýük ulaglarynyň we awtobuslaryň sany 145 milliona ýeter. 


düýn 18:36
2.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
3.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....