Aşgabatda «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi işläp başlady

  • 31.03.2022 11:47
  • 26k+

2022-nji ýylyň 31-nji martyndan başlap Aşgabatda «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň çägindäki desgalar öz işini doly dikeltdi. Bu barada TmCars.info ashgabat.in portalyna salgylanyp habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde söwda merkeziniň çäginde arassaçylyk-öňüni alyş çäreleri berk berjaý ediler. Girişde myhmanlaryň gyzgynlygy ölçeniler, eller zyýansyzlandyryjylar bilen arassalanar. Agyz-burun örtükleri dakmak we howpsuz araçägi saklamak şertleri berjaý etmek talap ediler.

Ýatlap geçsek, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi sebitde we dünýäde çylşyrymly epidemiologik ýagdaý sebäpli arassalaýyş-öňüni alyş maksatlary bilen 2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda öz işini çäklendiripdi.

Goşmaça maglumat almak üçin «Berkarar» SDAM-nyň sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: +99312468006


06.06.2026 20:16
2.6k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.1k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.3k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

02.06.2026 17:31
1.3k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....