Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini öçürmäge gyzyklanma bildirýär

  • 08.03.2022 08:46
  • 25k+

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti Odil Reno-Bassodan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Onda bankyň adyndan Türkmenistanyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary we bu ugra ygrarlydygy üçin hoşallyk bildirilýär.

“Biz Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýany, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň Milli strategiýasyny hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunyny kabul etmek arkaly milli hukuk binýadyny kämilleşdirmekde ýeten sepgidini goldaýarys.

Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň Derwezede ýanyp duran gaz krateriniň meselesine ünsi çekmek babatda ýakynda kabul eden çözgüdi bizde uly gyzyklanma döretdi. Size mälim bolşy ýaly, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 2019 — 2024-nji ýyllar boýunça ýurt strategiýasynda suwuň, topragyň we howanyň hapalanmagynyň, serişdeleriň zaýalanmagynyň hem-de daşky gurşawa, adam saglygyna oňaýsyz täsir edýän zyýanly himiki maddalaryň peýdalanylmagynyň azaldylmagyna gönükdirilen maýa goýumlara ileri tutulýan artykmaçlyk berilýär” diýip, bankyň prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Ugurdaş gazyň ýakylyşyny azaltmak boýunça ählumumy hyzmatdaşlygyň (GGFR) ýörelgelerine laýyklykda, ýakylýan ugurdaş nebit gazynyň hem-de ýokary göterilýän zyňyndylaryň azaldylmagyna gönükdirilen seçip alma tertibindäki maýa goýumlary we maslahat hyzmatlaryny bermek üçin mümkinçilikleri gözlemegi dowam edýändigini habar berdi.

“Biz Türkmenistanyň Hökümetine Derweze kraterinden çykýan Co2 zyýanly zyňyndylaryny we metany azaltmagyň ähli netijeli usullaryny kesgitlemäge kömek etmek maksady bilen, tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamak üçin hemaýat serişdelerini gönükdirmegiň mümkinçiliklerini öwreneris.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky türkmen kärdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlykda degişli tehniki tabşyrygy taýýarlap, öwrenmek üçin maddany seçip alyp hem-de ýokary derejeli geňeşçiler bilen şertnama baglaşyp, barlaglary geçirmekde ähli bar bolan bilimleriň we tejribäniň doly peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde iş toparyny döredip bilerdi” diýip, hatda bellenilýär. 


düýn 10:26
2.7k+

Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

düýn 10:08
966

Türkmenistanyň DIM-nde Katar Döwletiniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Katar Döwletiniň ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 10:05
1k+

Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler...

15.08.2025 19:14
1.8k+

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen geljekdäki duşuşyklaryň tertibi maslahatlaşyldy

14-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda diplomatlar ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerdäki duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar...