«Real» «Barselonany» ýeňip, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy

«Real» «Barselonany» ýeňip, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy

Madridiň «Realy» Ispaniýanyň futbol boýunça Superkubogynyň ýarym final duşuşygynyň goşmaça wagtynda «Barselonany» ýeňdi.

Saud Arabystanynda bitarap meýdançada geçirilen «El-Klasiko» duşuşygy «Realyň» peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. «Realyň» düzüminde Winisius Žunior (25-nji minut), Karim Benzema (72) we Federiko Walwerde (98) tapawutlandy. «Barselonadan» Lýuk de Ýong (41) we Ansu Fati (83) gol geçirdi.
«Barselonanyň» düzüminde Ferran Torres ilkinji gezek meýdança çykdy. Ýarymgoragçy netijeli hereketler bilen tapawutlanmady we 46 minutda çalşyryldy.
«Real» Ispaniýanyň Superkubogynyň ilkinji finalçysy boldy. Finalda «Real» Madridiň «Atletikosy» we Bilbaonyň «Atletigi» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar. Ikinji ýarym final duşuşyk 13-nji ýanwarda geçiriler.