Beýik Britaniýa 2040-njy ýyla çenli kwant hasaplamalarynda lider bolmagy maksat edinýär

Beýik Britaniýa 2040-njy ýyla çenli kwant hasaplamalarynda lider bolmagy maksat edinýär

Beýik Britaniýa umumy maksatly kwant kompýuterini döretmegi we 2040-njy ýyla çenli kwant hasaplamalarynda dünýä lideri bolmagy maksat edinýär. Bu barada britan hökümetiniň ýolbaşçysy Boris Jonson aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Men Birleşen Korollyk üçin kwant kompýuterini döretmegi we 2040-njy ýyla çenli kwant hasaplamalary bazarynda iň uly paýy üpjün etmegi maksat edip goýýaryn” – diýip, Jonson aýtdy we Beýik Britaniýanyň “ýene-de ylmy taýdan güýçli döwlet bolmakçydygyny” we hökümetiň meýilnamalaryna laýyklykda, ýurtda 100 müňden gowrak iş orunlaryny döretjek ýaşyl tehnologiýalar pudagyny işjeň ösdürjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Ministrler Kabinetiniň başlygynyň aýtmagyna görä, patyşalyk daşary ýurt tehnologik çözgütlerine garaşly bolmaly däl, “bu ahyrky netijede milli howpsuzlyga zyýan ýetirip biler”. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa ýokary tehnologiýaly önümlerini eksport edip, öz gymmatlyklaryny ýaýratmagy göz öňünde tutýar. Olaryň biri hökmünde Jonson Oksford uniwersiteti tarapyndan koronawirusa garşy taýýarlanan sanjymy belläp geçdi.

Sözüniň dowamynda premýer-ministr 13-nji noýabrda Şotlandiýada tamamlanan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň  26-njy konferensiýasynyň (COP26) netijelerini üstünlik diýip belledi. Onuň aýtmagyna görä, global ýylamany saklamaga kömek etjek öňegidişlikleriň ýoklugyna garamazdan, Glazgoda kabul edilen kararlar bu prosesi haýallatmaga kömek eder.