«Matrisanyň» dördünji bölümi franşizanyň iň dowamly filmi bolar

  • 11.11.2021 08:08
  • 3.5k+

«Matrisa: Direliş» kinolentasy franşizanyň taryhynda iň dowamlysy bolar. Kartinanyň dowamlylygy iki sagatdan gowrak bolar. 

Fantastik uruşganly kinonyň dördünji bölüminiň dowamlylygy baradaky habar Finnkino we Cinesa kompaniýasy tarapyndan neşir edildi diýip, inforeactor.ru habar berýär. Insaýderleriň maglumatlary boýunça, “Matrisa: Direliş” 2 sagat 38 minut dowam eder. Franşizanyň ilkinji üç bölüminiň dowamlylygy iki ýarym sagatdan köp däldi.

“Matrisanyň” dowamynda Neo geçmişiň “arwahlaryndan” dynmak isleýär. Baş gahryman psihoterapewtiň ýanyna baryp, oňa özüniň geň düýşlerini aýdyp berýär. Soňrak ol Trinitä duşýar, ýöne ony tanamaýar.

Kartinanyň režissýory Lana Waçowski boldy. “Matrisa: Direliş” filminde baş keşpleri Kianu Riwz, Kerri-Enn Moss we Ýahýa Abdul-Matin II ýerine ýetirdi. 

16.04.2026 22:53
1.6k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
6.1k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.2k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....