Gurban Berdiýewiň «Kaýrat» kluby Gazagystanyň kubogynyň ýarym finalyna çykdy

  • 29.10.2021 16:07
  • 10k+

Gazagystanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda «Kaýrat» futbol kluby türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda myhmançylykda «Kaýsar» klubundan üstün çykdy. Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy.

«Kaýratyň» düzüminde Wagner Law (76-njy minut) we Artur Şuşenaçew (88) gol geçirdi.
Klublaryň arasyndaky birinji duşuşyk «Kaýratyň» peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy.
Ýarym final tapgyrynda Berdiýewiň şägirtleri «Astana» bilen duşuşar. Birinji duşuşyk 6-7-nji noýabrda myhmançylykda, jogap oýun 20-nji noýabrda geçiriler.
Gazagystanyň futbol boýunça kubogynyň final duşuşygy noýabr aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär.
Ýatlatsak, Gurban Berdiýew «Kaýrat» klubuna 2021-nji ýylyň awgustynda tälimçi bellenildi.


02.12.2025 11:18
17k+

Ronaldu emeli aňly robot derwezebana gol geçirmek üçin 12 gezek synanyşmaly boldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we saud “Al-Nasrynyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu meşhur ylmy bloger Mark Roberiň topary tarapyndan döredilen emeli aňly robot derwezebana garşy gol geçirmek synanyşygyndan kynlyk bilen baş çykardy...

01.12.2025 11:50
6.6k+

UEFA Çempionlar ligasynyň oýnunda janköýerleriň hereketi üçin “Atletiko” jerime saldy

UEFA 22-nji oktýabrda Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen myhmançylykdaky oýnunda Madridiň “Atletikosynyň” janköýerleriniň gatnaşmagynda bolup geçen wakalardan soň kluba garşy sanksiýalary yglan etdi. Çözgüt guramanyň Gözegçilik, tertip-düzgün we ahlak komissiýasy tarapyndan kabul edildi diýip, AS habar berýär...

30.11.2025 21:35
9.9k+

Mundo Deportivo: "Barselona" transfer maksatlaryny kesgitledi: gysga sanawda — Keýn, Holland we Alwares

"Barselona" tomusky transfer penjiresi üçin ileri tutulýan oýunçylaryň sanawyny düzdi diýip, Mundo Deportivo habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, toparyň baş tälimçisi Hans-Diter Flik sport direktory Deku we sport komitetiniň beýleki agzalary bilen bilelikde güýçlendirmek üçin esasy pozisiýalary – çep aýakly merkezi goragçyny, wingeri (ganat hüjümçini) we merkezi hüjümçini kesgitlediler...

30.11.2025 18:52
6k+

“Inter Maýami” Messi bilen MLS Kubogynyň finalyna çykdy we birnäçe rekord goýdy

30-njy noýabrda irden (Aşgabat wagty bilen) “Inter Maýami” MLS Kubogynyň pleý-offunyň ýarym finalynda “Nýu-Ýork Sitini” uly hasap bilen utdy. Fort-Loderdeýldäki oýun 5:1 hasabynda tamamlandy. Bu oýun şol bir wagtyň özünde MLS-iň Gündogar konferensiýasy 2025-iň finaly boldy...