Pakistanda bolup geçen ýertitremede azyndan 20 adam aradan çykdy

  • 07.10.2021 12:11
  • 12k+

Ýewropa-Ortaýerdeňzi seýsmologiýa merkezi Pakistanyň günortasynda penşenbe gününe geçilýän gije 5,7 magnitudaly ýertitremesiniň bolup geçendigini habar berdi. Ýerasty tolkunlaryň merkezi Kwetta şäherinden (ilaty takm. 733 müň adam) 102 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýär. Ýertitremäniň ojagy ýerden 10 km çuňlukda ýerleşýärdi.

Dawn neşiriniň penşenbe güni tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek boýunça ýerli müdirlige salgylanyp habar bermegine görä, ýertitremäniň netijesinde aradan çykanlaryň sany 20-ä bardy, 300-den gowrak adam ejir çekdi. 

Neşiriň maglumatlaryna görä, ýerasty yrgyldylar Kwetta, Sibbi, Pişin, Çaman we Belujistan welaýatynyň birnäçe beýleki şäherlerinde duýuldy. Häkimiýetler tebigy betbagtçylygyň ýetiren zyýanyny hasaplaýarlar. Habar berlişine görä, welaýatyň administratiw binalary hem ýumrulypdyr.


09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....