Elleri 20 sekuntdan köp ýuwmaly däl. Näme üçin?

  • 30.08.2021 17:38
  • 13k+

Fizikler el ýuwmagyň mehanizmini görkezýän ýönekeý modeli beýan etdiler. Olar el ýuwmagy simulirlemek arkaly wiruslaryň we bakteriýalaryň deriden aýrylmagy üçin näçeräk wagt gerekdigini çakladylar. Bu barada msn.com habar berdi.

Wirus ýa-da bakteriýa bölejikleri eliň büdür-südür üstlerindäki joýajyklarda, çukanaklarda saklanyp galýarlar. Olary ýuwup aýyrmak üçin suw akymynyň bady ýeterlik derejede güýçli bolmaly, sebäbi güýçli akym bu bölejikleri has aňsat aýyrýar. Suw akymynyň bady bolsa el hereketiniň tizligine bagly bolup durýar. Fizikler adam ýuwulýan mahaly ellerini gaty haýal hereketlendirse, joýajyklardaky wiruslary we bakteriýalary ýuwup aýryp bolmaýandygyny bellediler.

El ýuwmagyň wagt barada aýdylanda bolsa, deridäki patogen bölejiklerden dynmak üçin 20 sekuntlap güýçli hereket bilen ýuwunmak ýeterlikdir. Ýeri gelende bellesek, bu matematiki model sabyn ulanylmagy sebäpli ýüze çykýan himiki we biologiki prosesleri göz öňünde tutmaýar diýip, çeşme belleýär.

12.06.2026 18:22
10k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.2k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....