Psihiatr çagalaryň ünsüni smartfondan sowmagyň usulyny salgy berdi

  • 28.08.2021 21:12
  • 14k+

Gajetleriň giňden ýaýramagy bilen köp çagalar oýunlara we elektronika endik edýärler. Ene-atalar çaganyň başyna gitmegini köplenç şundan görýärler we munuň nädip öňüni almalydygyny bilmän kösenýärler. Russiýanyň Moskwa sebitiniň baş psihiatry Anton Masýakin şeýle ýagdaýda näme etmelidigi barada käbir maslahatlary berdi. Muny ferra.ru habar berdi.

Hünärmeniň bellemegine görä, çaganyň elinden smartfony almak - dogry däl. Bu hereket meseläni çözmeg-ä beýlede dursun, gaýta ýagdaýy hasam kynlaşdyrar. Ol gajetomaniýanyň ýok ýerden ýüze çykmaýandygyny, onuň maşgaladaky ýagdaý, ene-atalaryň özlerini alyp barşlary - boş wagtlaryny elleri smartfonly geçirmegi we çaga üns bermezligi sebäpli emele gelýändigini aýtdy.

Hünärmen gajetomaniýanyň we beýleki endikleriň öňüni almak üçin şulary maslahat berýär: maşgala gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaly; telefonsyz, maşgalaňyz bilen bile gezelenç etmeli; öýde telefonyň ulanylmagyny mümkin boldugyça azaltmaly. Çaga eýýäm gajete doly garaşly bolsa welin, oňa juda seresaplylyk bilen başga güýmenjeleri hödürlemeli. Mysal üçin, çaga tapmaçalary çözmegi gowy görýän bolsa, onda onuň bilen tapmaça çözmeli. Esasy zat, çaga hödürleýän güýmenje wirtual dünýäniň güýmenjesinden has özüne çekiji bolmaly diýip, hünärmen maslahat berýär.

düýn 18:46
2.9k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...

düýn 15:52
6.1k+

Suzuki – Aşgabatda: Wagtyň synagyndan geçen ýapon awtoulaglary elýeter bahadan

Suzuki kompaniýasynyň taryhy 1909-njy ýylda, özem maşynlaryň wazzyldysyndan däl-de, dokma gurallarynyň kakuwyndan başlandy. Miçio Sudzuki dokma stanoklaryny öndürýän kompaniýany esaslandyrdy. Kompaniýanyň öndürýän enjamlary öz döwründen has ozduryp geçen ygtybarlylygy we innowasiýalary bilen tapawutlanýardy...

09.03.2026 17:16
6.6k+

«Sarpaly» dükany ýag alyp çalyşdyran müşderilere mugt filtrleri sowgat berýär

Gökdepe etrabyndaky «Sarpaly» awtoýag we tekerler dükany öz müşderileri üçin sowgatly aksiýa yglan etdi. Motor ýaglaryny satyn alan we çalşyran müşderilere dükända ýag hem-de salon filtrleri sowgat berilýär. Bu aksiýa 10-njy martdan 17-nji marta çenli dowam eder...

09.03.2026 15:25
16k+

Gijelerine -10 °C we sowuk şemal: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy gijelerine -10 gradusa çenli peseler...