Smartfonlaryň iň howply gowşak tarapy mälim edildi

Smartfonlaryň iň howply gowşak tarapy mälim edildi

«Rostelecom-Solar-yň» «Solar appScreener» merkeziniň müdiri Danil Çernow smartfonlaryň iň howply gowşak tarapy barada gürrüň berdi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

“Smartfonyň iň howply gowşak tarapy - ulanyjynyň enjamyndan programma döredijisiniň serwerine maglumat geçirmek üçin kanalyň öňýetene elýeterligidir. Bu maglumatlar şifrlenmedik ýagdaýynda, şeýle hem serwer bilen programmanyň hakykatdanam özara täsirleşmeli elementlerdigi barlanmasa, onda olara üstünlikli hüjüm amala aşyrylyp bilner"-diýip, bilermen belleýär.

Şeýle hem Çernow açyk Wi-Fi toruna birikmek prosesinde serwer bilen ulanyjynyň enjamyndaky programmanyň arasynda keseki araçynyň (Man-in-Middle) peýda bolmagynyň mümkindigini belläp geçdi. Bu, öz gezeginde, päliýamanlaryň şahsy maglumatlara hüjüm edip bilmek howpuny döredýär. Mundan başga-da, bu usul bilen ulanyjy serişdeleriň geçirilmesini ýalňyş amala aşyrylyp biler.