Türkmenistanda sulfat önümçiligi ýola goýlar

  • 21.08.2021 15:34
  • 6.2k+

20-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer Ç.Purçekow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan Garabogazköl aýlagynyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryny özleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Garabogazköl aýlagynyň gidromineral baýlyklarynyň binýadynda sulfat önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Nygtalyşy ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, aýlagyň mineral duzlarynyň düzüminiň natriý we magniý sulfatlary, magniý hloridi, litiý hem-de onuň birleşmeleri, magniý oksidi, magniý metaly ýaly himiki elementlere baý gorlarynyň bardygy tassyklanyldy.

Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we bu täsin tebigy desganyň gorlaryny senagat möçberinde özleşdirmegiň ykdysady taýdan maksadalaýykdygyny kesgitlemek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamak zerurdyr. Türkmen Lideri mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny depginli özleşdirmegiň, şolaryň binýadynda ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly himiýa önümlerini çykarmaga niýetlenen döwrebap kärhanalary döretmegiň zerurdygyny nygtady.

düýn 22:54
599

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......